«PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY» ATLY HALKARA YLMY MASLAHATA GATNAŞYJYLARA

 

Hormatly alymlar!
Halkara maslahata gatnaşýan gadyrly myhmanlar!

Sizi Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýer ýüzüniň çar künjeginden alymlary, döredijilik wekillerini ýygnan bu maslahatyň dürdäne şygyrlary bilen özüni giňden tanadan Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny çuňňur hem-de hemmetaraplaýyn öwrenmekde ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna berk ynanýaryn.

Magtymguly baý many-mazmunly şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan beýik akyldardyr. Adamzat paýhasynyň ägirtleriniň hatarynda pähime-paýhasa, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige çäksiz sarpa goýan dana Pyragynyň jöwher şygryýeti külli adamzat üçin gymmatly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýäsidir. Ussat şahyryň çuňňur parasatly pikirlere ýugrulan goşgulary ynsan ömrüniň ähli pursatlarynda terbiýe berýär, adamzada beýik söýgini, ynsan mertebesini dabaralandyrýar. Onuň halkymyzyň durmuş pelsepesine öwrülen dürdäne setirleri, öňe süren beýik taglymatlary, manyly öwüt-ündewleri bu gün millionlarça adamyň aňyna hem-de ýüregine täsir edýär. 300 ýyldan bäri çeper döredijiligi bilen türkmen halkyny şöhratlandyryp gelýän şahyryň baý edebi mirasy ynsan kalbynda ýakymly duýgulary oýarýan ylham çeşmesidir. Şanly sene mynasybetli, beýik akyldaryň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen öçmez-ýitmez şygyrlary dünýäniň köp dillerine terjime edildi.

Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi hem-de doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň hataryna goşuldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu ýurtda-da Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilip geçilýär. Şeýle-de şanly sene mynasybetli dünýäniň onlarça döwletinde medeni-jemgyýetçilik, ylmy-döredijilik çäreleri geçirilýär.

Hormatly alymlar!

Adamzat üçin gymmatly akyl-paýhas mirasyny peşgeş eden beýik şahsyýetimize bagyşlanyp, monografiýalar, hekaýalar, poemalar, goşgular ýazylýar, dokumental we çeper filmler, sahna hem-de saz eserleri, heýkeller, suratlar döredilýär. Biz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe gabatlap, Aşgabat şäheriniň günorta böleginde “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyny hem-de nusgawy şahyryň ýadygärligini, daşary ýurtlaryň meşhur şahyrlarynyň we akyldarlarynyň heýkellerini dabaraly açdyk. Munuň özi goşgulary aýdyma, sözleri dilleriň senasyna öwrülen beýik söz ussadymyzyň dost-doganlyga, ynsanperwerlige çagyryşyň owazy bolup belentden ýaňlanýan eserleriniň döwürleri, milletleri we döwletleri baglanyşdyryp, ýakyn-alys, goňşy-garyndaş halklaryň guwanjyna öwrülendigini hem-de akyldar şahyrymyza goýulýan hormat-sarpanyň näderejede belentdigini aýdyň görkezýär.

Biz ählumumy parahatçylygyň, dostlugyň bähbidine halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmak, müňýyllyklaryň dowamynda emele gelen milli mirasymyzy gorap saklamak, geljek nesillere ýetirmek we dünýä ýaýmak boýunça tagallalary goldaýarys.

Hormatly alymlar!

Täsin we köpdürli medeni-ruhy baýlyklar halklarydyr milletleri biri-biri bilen ýakynlaşdyrýan hem-de baglanyşdyrýan esasy gymmatlyklar bolup durýar. Biziň müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenip, kämillik derejesine ýetirilen milli mirasymyzyň, tanymal şahsyýetlerimiziň döredijiliginiň bu gün parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik ýörelgelerini rowaçlandyrmakda, Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da pugtalandyrmakda örän möhüm ähmiýeti bardyr. Magtymguly Pyragynyň päk ahlaklylyk, edep-terbiýe, watansöýüjilik, gözelligi wasp etmek, berkarar döwlet baradaky ynsan aňyna we ýüregine ornaýan gymmatly ündewleri biziň döwlet syýasatymyzyň esaslaryny düzýär. Bularyň ählisi iň asylly adamzat däplerine daýanýan ynsanperwer gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam edýär.

Hormatly alymlar!
Halkara maslahata gatnaşýan gadyrly myhmanlar!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy-medeni durmuşynda möhüm waka öwrüljek «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, ylmy-döredijilik işleriňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň öçmez-ýitmez mirasy dünýä halklarynyň arasynda dostlugyň hem-de medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna hyzmat etsin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.