SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ ÝOKARY DEREJELI AÇYK PIKIR ALYŞMALARYNA GATNAŞDY
2026-njy ýylyň 26-njy maýynda häzirki wagtda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine başlyklyk edýän Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ulgamy berkitmek» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşdy. Türkmenistanyň adyndan çykyş eden daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türk...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ NÝU-ÝORKA SAPARY BAŞLANDY
2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçiriljek «BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ulgamy berkitmek» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherine iş sapary başlandy. Çäräniň we saparyň çäklerinde meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda halkara par...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ «HALKARA PARAHATÇYLYGY, HOWPSUZLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞ IŞINI GOLDAMAKDA HEM-DE BERKITMEKDE BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ ORNY WE ÄHMIÝETI» ATLY KARARNAMASYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT
2026-njy ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň...
GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki duşuşyklardyr çäreler geçirilýär. Ýurdumyz bu möhüm wezipä jogapkärli çemeleşmek bilen, öňde goýlan wezipeleri bilelikde çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşini...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustini kabul etdi. RF-iň Hökümetiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň dostlugyň we özara hormat goýmagyň berk...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ PARLAMENTARA ASSAMBLEÝASYNYŇ MEJLISLERINE GATNAŞDY
2026-njy ýylyň 21-22-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine hem-de GDA agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisine gatnaşmak maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde saparda boldy. 21-nji maýda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Tawriçeskiý köşgünde...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY TARAPYNDAN TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BOÝUNÇA KARARNAMA KABUL EDILDI
2026-njy ýylyň 20-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisiniň dowamynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan bu Kararnamanyň awtordaşy bolup 47 döwlet çykyş etdi. Kararnamada Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we...