RSS

SOŇKY HABARLAR

14 Noý

MYRAT GARRYÝEW ADYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET LUKMANÇYLYK UNIWERSITETI BIOLOGIÝA BOÝUNÇA II HALKARA OLIMPIADA ÇAGYRÝAR

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda onlaýn görnüşinde biologiýa boýunça II Halkara olimpiadasyny geçirer. Biologiýa bilen gyzyklanýan we bu dersi öwrenýän talyplaryň ählisi olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar. Olimpiada gatnaşjaklar şu ýylyň 30-njy noýabryna çenli elektron salgysyna ýüz tutup bilerler. Bellige alnan talyplaryň görkezen elektron poçtasyna olimpiadanyň başlanmagynda...

DOWAMY
14 Noý

TÜRKMENISTANYŇ ADALATÇYSY HALKARA HYZMATDAŞLARYŇ WEKILLERI BILEN HYZMATDAŞLYK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa Adalatçynyň edarasynyň halkara hyzmatdaşlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi. Onda adam hukuklaryny goramak pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşykda BMG-niň şu gurluşy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Adalatçynyň edaras...

DOWAMY
10 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY E.M.AÝDOGDYÝEW HAKYNDA

Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti  Serdar Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 10-njy noýabry.

DOWAMY
10 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY B.G.NIÝAZLIÝEW HAKYNDA

Batyr Gurbanmyradowiç Niýazliýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti  Serdar Berdimuha...

DOWAMY
9 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ 16-NJY SAMMITINDÄKI ÇYKYŞY

Hormatly döwlet Baştutanlary, wekiliýet ýolbaşçylary! Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, Onuň Alyhezreti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitiniň ýokary derejede guralandygy, mähirli myhmansöýerlik we bildirilen hormat üçin minnetdarlygymyzy ýetirmäge rugsat ediň! Şu günki ýokary derejeli duşuşyk ählumumy ykdysady ösüşiň gidişine we ugurlaryna gönüden-göni täsir edýän çynlakaý geosyýasy wehimler bilen ýüzbe-...

DOWAMY
9 Noý

HORMATLY PREZIDENTIMIZ YHG-NYŇ 16-NJY SAMMITINE GATNAŞDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda YHG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu gurama...

DOWAMY
8 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PALESTINANYŇ HALKYNA YNSANPERWERLIK KÖMEGI

Giň gerimli, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda ynsanperwer ugurly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Asyrlaryň dowamynda halkymyz parahatçylyk söýüjilik, raýdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek...

DOWAMY