img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda  Prezident Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli halkara çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini mähirli mübärekläp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle hem Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de...

DOWAMY
pic
8 Okt

RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI WLADIMIR PUTIN TÜRKMENISTANA GELDI

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi we Hazar ekologik sammiti ýaly ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmagyna garaşylýar.

DOWAMY
pic
8 Okt

«PARAHATÇYLYGY SAKLAMAKDA WE DURNUKLY ÖSÜŞE ÝETMEKDE ZENANLARYŇ ORNY» ATLY HALKARA ZENANLAR DIALOGY GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi. Bu giň gerimli çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, GDA agza ýurtlaryň, Türkiýe Respublikasynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri gatnaşdylar. Häzirki ählumumy şertlerd...

DOWAMY
pic
8 Okt

HER BIR ADAMYŇ ABADANÇYLYGY UGRUNDA

2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahat geçirildi. Bu giň möçberli çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Ählumumy özgertmeler döwründe demografik prosesler döwletleriň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini kesgitleýän es...

DOWAMY
pic
8 Okt

PARLAMENTARA HYZMATDAŞLYK: YNSAN SAGLYGYNYŇ GORAGYNDA

2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Awaza” Kongresler merkeziniň mejlisler zalynda “Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary” atly ikinji halkara maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ugurdaş ministrlikleriniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, alymlar we bilermenler gatnaşdylar. Dünýä ýagdaýlarynyň häzirki üýtgäp durýan şertlerinde saglygy goraýyş hyzmatlaryna ählumumy...

DOWAMY
pic
8 Okt

«AWAZA» MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA GDA AGZA ÝURTLARYŇ DÖWLET WE JEMGYÝETÇILIK TELERADIOÝAÝLYMLARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm wakasyna öwrülen çäreleriň dowamynda degişli ugur boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we media ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň teleradioýaýly...

DOWAMY
pic
8 Okt

AZYK BOLÇULYGYNY PUGTALANDYRMAK – ÄHLUMUMY WEZIPE

2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň 27-nji mejlisi geçirildi. Giň möçberli forum Arkalaşygyň ýurtlarynyň oba hojalyk edaralarynyň ýolbaşçylaryny, alymlaryny we seçgiçilik merkezleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Çäräniň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk we azyk önümleriniň sergisi bilen tanyşdylar. GDA-nyň Tohumçylyk mesele...

DOWAMY