img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Okt

EMELI AŇ ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI: TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI KAZAN DIGITAL WEEK – 2026 HALKARA FORUMYNA GATNAŞÝAR

2026-njy ýylyň 29-31-nji oktýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda Kazan Digital Week – 2026 halkara forumy geçirilýär.  Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary Berdimyrat Berdiýew ýolbaşçylyk edýär. «Kazan EKSPO» halkara sergi merkezinde geçirilýän çäre dünýäniň 76 ýurdundan 20 müňden gowrak wekilleri bir ýere jemledi. Foruma döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, işewür toparlaryň, ylmy düzümleriň wekilleri hem-de sa...

DOWAMY
pic
30 Okt

ANKARADA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň ş...

DOWAMY
pic
30 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY

2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşdy. Ir bilen Türkmenistanyň Baştutany Türkiýäniň Prezidentiniň Köşkler toplumyna bardy. Bu ýerde türk lideri Rejep Taýyp Ärdogan mähirli garşylady we bilelikde ýadygärlik surata düşdiler.  Sammite gatnaşýan ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň XIII sa...

DOWAMY
pic
30 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE «HALKARA GATNAŞYKLARY UGRY BOÝUNÇA HORMATLY DOKTOR» DEREJESI BERILDI

2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hajettepe uniwersitetine bardy. Ol ýerde Türkmenistanyň Prezidentine «Halkara gatnaşyklary ugry boýunça hormatly doktor» atly derejäni bermek dabarasy boldy. Uniwersitetde döwlet baştutanyny Türkiýe Respublikasynyň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz we bu ýokary okuw jaýyň rektory Mehmet Jahit Güran dagylar mähirli garşyladylar. Uniwersitetiň talyplary ýurt baştutanyna gül çemenini gowşur...

DOWAMY
pic
29 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY BAŞLANDY

2026-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Ankara şäheriniň “Etimesgut” howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary we Türkiýäniň işewürleri mähirli garşyladylar. Günüň ikinji ýarymynda Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan döwletleriň Baştutanlary...

DOWAMY
pic
27 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GAZY EKSPORT EDIJI ÝURTLARYŇ FORUMYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi. Türkmenistan sammite myhman hökmünde gatnaşdy. Ýurdumyzyň wekiliýetine Türkmenistanyň döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga gatnaşyjylar tebigy gazyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekdäki ornuny hem-de bu ýangyjyň dünýä b...

DOWAMY
pic
27 Okt

AŞGABATDA HAZAR DEŇZINDE DEŇIZ YLMY BARLAGLARY HAKYNDA YLALAŞYK BOÝUNÇA NOBATDAKY MEJLIS BAŞLANDY

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Hazar deňzi institutynda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Mejlisde Hazarýaka döwletleriniň hökümetleriniň arasynda Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak esasy mesele bolup durýar. Bu resminama Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň 12-n...

DOWAMY