SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ TÄZE REJELENEN GÖRNÜŞINI TASSYKLAMAK HAKYNDA” TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSION KANUNY KABUL EDILDI
Türkmen paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilen Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde “Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Bu Konstitusion kanunyň kabul edilmegi ýurtda başy başlanan konstitusion özgertmeleriniň wajyp dowamy bolup, ol syýasy ulgamyň mundan beýläk hem kämilleşdirilmegine, döwletde we jemgyýetde yzygider demokratiýa başlangyçlarynyň, hususan-da, köp dürlüliligiň we köp partiýalylygyň ornaşdyry...
TÜRKMENISTANYŇ PAÝTAGTY AŞGABAT ŞÄHERINDE ÝAŞULULARYŇ MASLAHATYNYŇ MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň açylyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi. Döwlet baştutany öz çykyşynda 25 ýylyň içinde ýurduň garaşsyz syýasy, durmuş-ykdysady we ynsanperwer ugurlarynyň ösüşini suratlandyryp, ýurduň we jemgyýetiň häzirki ýagdaýyny häsiýetlendirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, geçen çärýek asyrda ýurdumyzyň esasy önümçilik gorlaryna gönükdirilen 144 milliar...
"GÜNDOGAR-GÜNBATAR” GAZ GEÇIRIJISI AÇYLYP ULANMAGA BERILDI
2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda, Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iri gaz känlerini bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze gaz geçiriji Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz gysyjy stansiýasyndan Hazarýaka sebitindäki “Belek” gaz gysyjy stansiýasyna çenli çekildi. Bu şatlykly dabara gatnaşmak üçin hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň w...
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi
2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu desgalar başlangyç tapgyrda täze energetika geçirijisiniň serişde binýadyna öwrüler. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýakynda ýurdumyza saparlar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, P...
Türkmenistanda ýokary derejeli maslahat geçirildi
2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda “Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly Halkara maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dürli ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, dünýäniň ýokary syýasy derejeli wekilleri, abraýly halkara we sebit guramalarynyň baştunanlary gatnaşdylar.