ŞWEÝSARIÝADA WELOSIPED SÜRÜJILERINIŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ PREZIDENTI BILEN DUŞYUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 29-njy maýynda Şweýasariýanyň Egl şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti Welosiped sürüjileriniň halkara birleşiginiň Prezidenti D.Lappartient bilen duşyuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Welosiped sürüjileriniň halkara birleşigi bilen gatnaşyklary berkitmegiň meselelerine garaldy.

Hususan hem, türkmen tarapy şu ýylyň 3-nji iýunynda ilkinji gezek Welosipediň halkara gününiň bellenilip geçiljekdigi barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly Ösüşiň maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çäginde Türkmenistanyň ýolbaşçylygy tarapyndan sportuň bu ugruny öz içine almak bilen, şeýle hem halkara usullaýyn maslhatlary we sport hünär seminarlary, master-klasslary we ş.m. halkara we sebitleýin derejede ýurdumyzda çäreleri geçirmek boýunça teklipleriň birnäçesi edildi.

Şol sanda 2019-njy ýylda ýurdumyzda ÝUNESKO-niň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komiteti (CIGEPS) we BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasy (UN-HABITAT) bilen bilelikde şäheriň ulag ulgamy üçin welosipediň ähmiýetine bagyşlanan halkara maslahatyny geçirmek teklip edildi.

Şol bir wagtda, 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dowamynda ýokary derejeli halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin olimpiýa standartlaryna laýyk gelýän welotrek gurulandygy bellenildi.

Öz gezeginde D.Lappartient 3-nji iýunyň Welosipediň halkara güni hökmünde bellenilmegi boýunça BMG-niň Rezolýusiýasynyň üstünlikli kabul edilmegi we welosiped sportunyň Türkmenistanyň halkynyň we halkara meýdanynda ösdürilmegi bilen gutlady.

Welosiped sürüjileriniň halkara birleşiginiň Prezidenti ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde Welosipediň halkara güni mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmagy meýilleşdirýändigi babatda habar berdi. Şol gün Welosiped sürüjileriniň halkara birleşigi tarapyndan giňden bellenilip, ähli ýurtlar çagyrylar.

Şeýle hem, Welosiped sürüjileriniň halkara birleşiginiň Prezidenti geljekde Türkmenistanyň ýurtda giň möçberli sport çäreleri geçirmek boýunça pikirlerini we başlangyçlaryny öňe sürmek boýunça ýardamlara taýýardygyny belledi.