RSS

SOŇKY HABARLAR

26 Few

AŞGABATDA ÝEWRAZIÝA TOPARYNYŇ ÇÄKLERINDE ÝHHG-NIŇ OKUW MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda Aşgabatda «Ýewraziýa toparynyň (ÝAT) özara baha bermäge milli derejede taýýarlyk: ÝHHG-niň döwletleriniň iň gowy tejribeleri» atly üç günlük okuw maslahaty öz işine başlady. Çärä Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň, şol sanda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Merkezi bankynyň we Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle-de gatnaşyjylaryň arasynda hususy pudagyň we täjirçilige...

DOWAMY
25 Few

DUBAÝDA TÜRKMENISTANYŇ NEBITGAZ ROUD-ŞOUSYNYŇ JEMLERI JEMLENILDI

2020-nji ýylyň 24-nji fewralynda günüň ikinji ýarymynda «ТOPH – parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň nyşanydyr» atly tegelek-stoly we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýmagyň hukuk hem-de salgyt şertleri boýunça seminar guraldy. Günüň ahyrynda daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary bilen deslapky ýagdaýda ylalaşylan duşuşyklary geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistanyň nebiti we gazy»...

DOWAMY
24 Few

DUBAÝDA «TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY» HALKARA ROUND-ŞOU AÇYLDY

2020-nji ýylyň 24-nji fewralynda Dubaýda «Hyatt Regency» myhmanhanasynyň «Al Maha» maslahatlar zalynda «ТOPH – parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisi» atly halkara maslahatynyň we «Türkmenistanyň nebiti we gazy» Halkara round-şounyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüş mümkinçilikleri daşary ýurt maýadarlarynyň, edil şonuň ýaly-da halkara guramalarynyň, hökümet wekiliýetleriniň we söwda kompaniýalarynyň ünsüni özüne çekýändir. Dünýäniň 40-a golaý ýu...

DOWAMY
21 Few

TÜRKMENISTANDA AÝALLARYŇ SAGLYGY WE MAŞGALADAKY ÝAGDAÝY BOÝUNÇA SYNYŇ GEÇIRILMEGI

2020-nji ýylyň 25-nji fewraly 1-nji apreli aralygynda “Aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy boýunça syny” geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çäre Türkmenistanyň gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň hem-de  Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy bilen bilelikdäki taslamalarynyň Iş meýilnamalarynyň çäklerinde durmuşa geçiriler. Agzalan syn Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Içeri işler minis...

DOWAMY
20 Few

HALKARA ZÄHMET GURAMASY BILEN ÖZARAHEREKETLERI GIŇELTMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERINE SEREDILIP GEÇILDI

2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Halkara zähmet guramasynyň Günbatar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça edarasynyň wekilhanasynyň baş hünärmeni Leo Sibbel bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky köp ýyllaryň dowamynda durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejeliligini nygtadylar. HZG-nyň esas goýujy konwensiýalarynyň ençemesiniň gatnaşyjysy...

DOWAMY
20 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ ILAT GAZNASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça Direktory Juliýa Waleze bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň Ilat Gaznasynyň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň üstünligini belläp geçdiler. Milli derejede işlenilip düzülen we amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň netijeliligi bellenilip geçildi, şeýle-de reproduktiw sa...

DOWAMY
20 Few

TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI MINISTRINIŇ SANKT-PETERBURG ŞÄHERINE SAPARY

Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 18-20-nji fewraly aralygynda Sankt-Peterburg şäherinde boldy. Saparyň çäklerinde Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory A.D.Beglow bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy, şol sanda gurluşyk we senagat ulgamyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi boýunça pikirleri alyşdylar. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Russ...

DOWAMY