HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ HÖKÜMETARA KOMITETINIŇ BAŞLYKLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Şu gün, 11-nji maýda, hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň başlyklary ýagny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary Gözegçilik Edarasynyň Başlygy S.G.Berdimuhamedow bilen HHR-nyň Döwlet Geňeşiniň Wise-premýeri Han Çženiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar strategiki hyzmatdaşlygyň türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi.

S.G.Berdimuhamedow öz çykyşynda Hytaý iri söwda hyzmatdaş bolup durýandygyny, şeýle-de Türkmenistanyň iki ýurduň arasynda gatnaşyklary ösdürmek boýunça meýilnamany hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmegi hem-de ýokary derejede ysnyşykly gatnaşyklary goldamagy maksat edinýändigini belledi.

Taraplar häzirki wagtda gaz babatdaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nygtadylar. Ulag, aragatnaşyk we telekommunikasiýa, sanly tehnologiýalar, maliýe-bank ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalar beýan edildi.

Iki döwletiň hususy we döwlet gurluşlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça ikitaraplaýyn mehanizmleri işjeňleşdirmek arkaly kiçi telekeçilik pudagynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretmek babatda türkmen tarapynyň teklibi öňe sürildi.

Saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini göz öňünde tutup, taraplar bu ugurda özara hereketleri giňeltmäge ylalaşdylar.

Taraplar iki döwletiň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemegi, has-da ysnyşykly gatnaşyklar üçin amatly şertleri döretmegi maksat edinen hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň işini işjeňleşdirmek barada bellediler.