img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
7 Noý

RUSSIÝA BILEN TÜRKMENISTANYŇ MEDENI HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY

Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisinde Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministriniň orunbasary Andreý Malyşew çykyş etdi. Ol öz çykyşynda türkmen tarapynyň myhmansöýerlik derejesine ýokary baha berip, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bilelikdäki başlangyçlaryň ähmiýetini nygtady. «Mähirli kabul edilendigimiz üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerimi aýtmak isleýärin. Dostlukly we doganlyk Türkm...

DOWAMY
pic
6 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ IORDANIÝANYŇ PATYŞASY BILEN DUŞUŞYGY

2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II ibn Al Husseýn bilen duşuşdy. Söhbetdeşler emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyň çäklerinde duşuşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň hem-de Iordaniýanyň dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan be...

DOWAMY
pic
6 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AKABA PROSESINIŇ SAMMITINE GATNAŞDY

2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde Prezident Serdar Berdimuhamedow emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy. Sammit Garaşsyzlyk köşgünde geçirildi. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II mähirli garşyladylar hem-de bilelikde ýadygärlik surata düşd...

DOWAMY
pic
6 Noý

MEDENI HYZMATDAŞLYK – PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ BÄHBIDINE

2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu iri halkara çäre Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha bermek, geljekki bilelikdäki meýilnamalary kesgitlemek hem-de dostluk köprülerini has-da berkitmek ugrunda möhüm ädim boldy. Mejlisde GDA giňişliginde medeni gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary we hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek bilen ba...

DOWAMY
pic
6 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY BAŞLANDY

2026-njy ýylyň 5-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky strategik dialog köpasyrlyk dostluk gatnaşyklaryna, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumy...

DOWAMY
pic
4 Noý

«CIET 2026»: TÜRKMENISTAN WE RUSSIÝA PARAHATÇYLYKLY ATOM ENERGIÝASY ULGAMYNDA TEHNOLOGIK HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRÝÄRLER

Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi– 2026» («CIET 2026») atly halkara sergi we maslahat bolup geçdi. Forumyň iň ähmiýetli ýerleriniň biri-de Russiýanyň atom energiýasy boýunça döwlet korporasiýasy "ROSATOM"-yň sergisi boldy. Çäräniň dowamynda maslahatyň hormatly agzasy, "ROSATOM" DK-nyň Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň baş direktorynyň orunbasary Dmitriý Konstantinow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri baradaky garaýşyny beýan etdi. Korp...

DOWAMY
pic
4 Noý

TÜRKMENISTAN BILEN SWERDLOWSK OBLASTY HYZMATDAŞLYGYŇ GERIMINI GIŇELDÝÄR

?Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi– 2026» atly halkara sergi we maslahat («CIET 2026») çäginde forumyň hormatly agzasy, Russiýa Federasiýasynyň Swerdlowsk oblastynyň gubernatorynyň orunbasary Dmitriý Ionin ikitaraplaýyn ykdysady, ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň geljegi baradaky garaýyşlary barada gürrüň berdi. Ural sebitiniň görnükli wekiliýetiniň Aşgabada sapary ozal ýola goýlan gepleşikleriň logiki dowamy boldy. Türkmenistanly wekiliýet ozal Ýekaterinburgda...

DOWAMY