TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MEDENIÝET HEPDELIGI AÇYLDY
2022-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda paýtagtymyzyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Bu Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hem-de Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň we Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde guraldy. “Bitewülikde köpdürlülik” ady bilen geçýän Ýewropa Bileleşiginiň Me...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY
2022-nji ýylyň 23-25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynda iş saparda bolýar. 24-nji oktýabrda Seulda R.Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Phýo bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Se...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Şu gün, 2022-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylarynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Sýan Naýçen bilen geçirilen duşuşygynda, Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Hytaý Halk Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş Sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy m...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY
2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Iki dostlukly ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtyň Halkara howa menzilinde Özbegistanyň ýolbaşçysy resmi adamlar tarapyndan garşylandy. Bellenen gowy däbe görä, milli eşikli bir oglan we gyz Özbek liderine çörek-duz we gül sowgat etdiler. Howa menzilindäki gysga wagtlyk söhbetdeşlikden soňra Özbegistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni bu ýerden sapar...
TÜRKMENISTANYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNDAKY ILÇISI B.G.NIÝAZLIÝEWIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY A.Ý.RUDENKO BILEN DUŞUŞYGY BOLDY
2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi B.G.Niýazliýewiň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Ý.Rudenko bilen duşuşygy bolup geçdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depgini işjeň ösüşlere eýe bolýandygyny, bu bolsa dostluk, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyk...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ "MERKEZI AZIÝA - RUSSIÝA" SAMMITINDÄKI ÖŇE SÜREN TEKLIPLERI WE BAŞLANGYÇLARY
2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Astana şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa-Russiýa” Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşynda Merkezi Aziýa döwletreleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dürli möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlygy ýokary derejä çykarmaga gönükdirilen birnäçe teklipler we başlangyçlar öňe sürüldi. Şu günki duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň dünýä hem-de sebit gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça ysnyşykly köpugurly hyzmat...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “MERKEZI AZIÝA – RUSSIÝA” SAMMITINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda, günüň ikinji ýarymynda Astana şäherinde “Merkezi Aziýa – Russiýa” Sammiti geçirildi, onuň gün tertibine altytaraplaýyn görnüşde dostlukly gatnaşyklary we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegi bilen bagly meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirýän Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga...