TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HALKARA FUTBOL FEDERASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 4-nji maýynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino bilen duşuşyk geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz sahawatly türkmen topragynda myhmany mähirli mübärekläp, ilki bilen, ony Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady hem-de bütin dünýäde futboly ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň dekabr aýynda Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň birine tomaşa edýän wagtynda bolan duşuşygy we şonda Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygyň kabul edilendigini ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz dünýä futboluny ösdürmekde FIFA-nyň eýeleýän uly ornuny belläp, Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de sportuň meşhur, hemmeleriň söýýän bu görnüşini giňden ýaýratmak üçin halkara derejede tagallalaryň birleşdirilmegine uly ähmiýet berýändigini aýratyn nygtady.
FIFA-nyň ýolbaşçysy, ilki bilen, hormatly Prezidentimize ajaýyp Türkmenistana gelmäge çakylygy üçin hem-de duşuşmaga wagt tapyp kabul edilendigi, mähirli garşylanandygy, sportuň, bedenterbiýäniň ösdürilmegini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaran Türkmenistanyň gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga döreden mümkinçiligi üçin hoşallyk bildirdi.
Men Aşgabatda bolýandygyma şatdyryn hem-de şäheriň bagy-bossanlyga bürenen keşbine haýran galdym diýip, Janni Infantino ak mermerli paýtagtymyzyň özünde galdyran täsirlerini beýan etdi. Adam, onuň saglygy we abadançylygy baradaky alada hem söýgä ýugrulan şunuň ýaly ajaýyp ýurtda sport, esasan-da, futbol hökman ösdüriler. Ýokary depginli senagat ösüşiniň häzirki zamanynda adam saglygyny berkitmekde sportuň orny ähli döwürdäkiden has ýokarlandy we Siziň ýurduňyzda munuň üçin ähli şertler döredilipdir diýip, myhman sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz bilen söhbetdeşlikde FIFA-nyň ýolbaşçysy şu duşuşygyň Merkezi Aziýada örän iri Olimpiýa stadionynda geçirilmegine hut özüne we futbola bildirilýän aýratyn sarpanyň nyşany hökmünde baha berýändigini aýtdy.
Biz Siziň şu gezekki saparyňyza Türkmenistanyň futbol taryhynda möhüm waka hökmünde garaýarys. Siziň Aşgabatda bolýan mahalyňyzda milli Futbol federasiýasynyň wekilleri bilen duşuşmaga hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy geljekde-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, ýurdumyzyň sport düzümleri bilen tanyşmaga mümkinçiligiňiz bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu saparyň jemleriniň FIFA bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine, Türkmenistanda futbolyň wagyz edilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Sport adamyň diňe bir beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny şertlendirmän, eýsem, halklary ýakynlaşdyrýan, jebisleşdirýän güýçdür, Türkmenistanda ussat türgenleriň sany ýylsaýyn artýar, dünýä talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan häzirki zaman sport desgalary gurulýar. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýanlaryň sany köpelýär hem-de dünýä, sebit derejesinde sport ýaryşlary guralýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen möhüm başlangyçlaryň netijesinde ýurdumyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk iri ugurdaş desgalar bina edildi. Şolaryň hatarynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesini görkezmek bolar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda futboly ösdürmegiň esasy tapgyrlary barada gürrüň bermek bilen, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 1992-nji ýylda döredilendigini aýtdy. Şol ýylda hem Türkmenistanyň milli ýokary ligasynyň oýunlary, Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşlar geçirilip başlandy. 1994-nji ýylda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy FIFA-nyň we Aziýa futbol konfederasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. 1994-nji ýylda futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Aziýa oýunlarynyň çärýek finalyna çykdy hem-de ýygyndy toparymyz 1995-nji ýyldan bäri futbol boýunça her ýyl geçirilýän halkara ýaryşlara gatnaşýar.
“Aziýa Kubogy — 2022” atly abraýly halkara ýaryşda Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndy toparynyň (23 ýaşa çenli) üstünlikli çykyş edip, bu bäsleşigiň çärýek finalyna çykandygy bellenildi.
Ýurdumyzyň futbol toparlary baradaky maglumatlar myhmanda uly gyzyklanma döretdi.
Türkmenistanyň AFK-nyň hem-de FIFA-nyň agzalygyna girmegi hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy çagalar futbolynyň ösdürilmegine hem uly üns berýär. Netijede, 2000-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň işjeň gatnaşmagynda hem-de ÝUNISEF-niň FIFA bilen bilelikde guramagynda “Grassroots” futbol festiwaly geçirilýär. Yzygiderli esasda guralýan şeýle festiwallar dürli ýaşdaky futbolçylary özüne çekýär. 2014-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasy hem-de Günbatar Aziýa Futbol federasiýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Her ýyl Türkmenistanyň Futbol federasiýasy FIFA bilen bilelikde ýurdumyzda futbol hem-de kiçi futbol boýunça eminleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin halkara okuw maslahatlaryny geçirýär, onuň jemleri boýunça synaglary üstünlikli geçen eminlere halkara derejeli emin derejesi berilýär.
Duşuşygyň dowamynda myhmana Aşgabadyň golaýynda häzirki zaman sport desgalaryny özünde jemleýän täze Arkadag şäheriniň gurulýandygy barada habar berildi. Şeýle hem ýakynda milli çempionatda üstünlikli çykyş edýän adybir futbol toparynyň döredilendigi bellenildi.
Biz FIFA-nyň tutuş dünýäde hem-de ýurdumyzda futboly mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başlangyçlaryny, tekliplerini goldamaga taýýardyrys. Öz tarapymyzdan halkara futbol ýaryşlaryny, türgenleşiklerini we ýoldaşlyk duşuşyklaryny guramak üçin Türkmenistanyň sport düzümlerini ulanmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Duşuşygyň dowamynda myhman hormatly Prezidentimize FIFA-nyň ýörite futbol lybasyny hem-de resmi topuny, FIFA-nyň ýörite nyşanyny ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurdy.
Sport ulgamynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ygrarlydygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti ýurtda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek ugrunda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyna ýokary baha berdi.
Soňra myhman döwlet Baştutanymyzy özi bilen gelen wekilçilikli toparyň agzalary bilen tanyşdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhmanlary duşuşyga gatnaşýan türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy.
Döwlet Baştutanymyz hut Olimpiýa şäherçesinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilendigini we munuň ýaryşyň guramaçylary, türkmen türgenleri üçin jogapkärli synag bolandygyny aýtdy.
FIFA-nyň ýolbaşçysy bu ýerde ýerleşdirilen eksponatlar bilen tanşyp, “Aziada — 2017-niň” nyşanlary bilen aýratyn gyzyklandy. Mälim bolşy ýaly, diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan bu ýaryşlaryň nyşany Wepaly atly alabaý boldy. Alabaýlar güýji, kuwwaty, wepalylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle-de bu ýaryşyň ähmiýetli nyşany hökmünde tumar saýlanyp alyndy.
Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasy sportuň 21 görnüşine çenli giňeldildi. Munuň özi sportuň türkmen halkyna mahsus görnüşleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Soňra döwlet Baştutanymyz myhmanlar bilen Olimpiýa şäherçesindäki köpugurly Olimpiýa stadionyny synlady. Stadionyň gurluş aýratynlyklary, onuň enjamlaşdyrylyşy, ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän futbol meýdançasy wekiliýetiň agzalarynda uly täsir galdyrdy. Türgenleşikleri geçirmek, halkara ýaryşlary guramak, türgenleriň dynç almaklary we lukmançylyk gözegçiligi üçin döredilen şertlere ýokary baha berildi.
Olimpiýa stadionynyň gümmezini bezeýän hem-de Aşgabat Aziadasynyň esasy nyşanyna öwrülen ägirt uly ahalteke bedewiniň uly göwrümli çeper keşbi myhmanlarda uly täsir galdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ahalteke bedewiniň türkmen halkynyň buýsanjy we milli baýlygy, ýurdumyzyň ähli ugurlarda depginli ösüşiniň nyşanydygyny aýratyn nygtady. Däbe görä, bedewiň boýnuna alaja daňylýar, täze, beýik işlere ak pata bermek üçin bolsa üzärlik ýakylýar. Bu däpler nesilden-nesle geçip gelip, häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär.
FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino ak mermerli Aşgabatda gurlan dünýä derejesindäki stadiona gelip görmegiň özi üçin garaşylmadyk sowgat bolandygyny belledi we şeýle gyzykly, netijeli gezelenjiň guralandygy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.
Türkmenistanda soňky ýyllarda gurlan sport desgalarynyň ähli ölçegler boýunça ýokary halkara standartlara laýyk gelmegi ýurduňyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine döwlet derejesinde uly üns berilýändigini görkezýär diýip, myhman nygtady hem-de bildirilen sylag-hormat, myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.
Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti Janni Infantino saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanda futboly hem-de umumy maksatlarydyr wezipeleri nazara almak bilen, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky meseleler içgin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Myhmanlar ýaşajyk futbolçylar bilen duşuşdylar, olar bilen gürrüňdeş boldular hem-de ýadygärlik surata düşdüler.
Saparyň çäklerinde myhmanlar ady rowaýata öwrülen Polatly atly bedewiň heýkeliniň ýanyndan seleňläp görünýän, “döwlet ähmiýetli şäher” diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäherini synladylar. Häzirki zaman binagärliginiň we şäher gurluşygynyň ýokary ölçeglerine laýyklykda işlenip taýýarlanan hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän bu ägirt uly taslama “akylly” şäher konsepsiýasynyň çäklerinde hereket eder. Janni Infantino bu ýeriň ajaýyp tebigy şertleriniň bardygyny, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine jogapkärli çemeleşilýändigini, munuň futbol bilen meşgullanmak üçin oňyn mümkinçilikleri döredýändigini aýdyp, geljekde bu ýerde FIFA-nyň Okuw-usulyýet merkezini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde bu merkezi gurmak barada çözgüdiň kabul edilendigini aýtmak gerek. Munuň özi ýurdumyzda futboly wagyz etmäge, FIFA hem-de beýleki gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir.
Dünýäniň esasy futbol guramasynyň ýolbaşçysy we wekiliýetiň agzalary Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna hem baryp gördüler. Bu ýerde myhmanlar üçin Türkmenistanda we daşary ýurtlarda meşhur bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy guraldy.