TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 15-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz ikiçäk söhbetdeşlik üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň — Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň yglan eden netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işini dowam etjekdigini hem belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Pakistanyň Liderine oňyn döwletara gatnaşyklary we ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda döwletleriň Baştutanlary iki doganlyk ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda netijeli iş alyp bardylar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz dostluk, doganlyk, deňhukuklylyk, özara düşünişmek däplerine esaslanýan türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk, uzak ömür we ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw edip, telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentine berdi.

Prezident Arif Alwi türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutany Serdar Berdimuhamedowy giň bäsdeşlik esasynda geçen ählihalk saýlawlaryndaky ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, möhüm we jogapkärçilikli döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýurdumyzyň täze saýlanan Prezidenti mähirli gutlaglar we iň gowy arzuwlar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan syýasy ugruny mundan beýläk-de dowam etdirjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň döwletara gatnaşyklary dürli ugurlarda geljekde-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň köpasyrlyk dostluk, doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny tassyklap, soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ýakyn wagtlarda mynasyp dowamyny tapjakdygyna özara ynam bildirdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda täze saýlanan Prezident Serdar Berdimuhamedow dostlukly döwletiň Baştutanyna berk jan saglyk we jogapkärli işinde üstünlik, Pakistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdi.