img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ BALKAN WELAÝATYNA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

photo

Paýtagtymyzyň Halkara howa Arkadag menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Türkmenistanyň resmi adamlary ugratdylar.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna bardy we bu ýerde GDA gatnaşyjy döwletleriň parlamentleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza şu günki duşuşyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

“Biz GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň işine, umuman, parlamentarizm institutynyň ösdürilmegine berýän üýtgewsiz ünsüňize hakykatdan hem ýokary baha berýäris. Siziň bilen gowy habary paýlaşasym gelýär: ýaňy-ýakynda, 16-njy noýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama makullanyldy. Kararnamanyň kabul edilmegi GDA-nyň ýokary halkara abraýyny we häzirki zaman dünýäsinde ornunyň ýokarlanýandygyny tassyklaýar” diýip, Walentina Matwiýenko aýtdy we bu möhüm resminamanyň onuň awtordaşlarynyň biri bolup çykyş eden Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk edýän ýylynda kabul edilmeginiň ähmiýetini belledi.

Walentina Matwiýenko parlamentara gatnaşyklary goldaýandygy hem-de ýurtlaryň we halklaryň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Mejlisine GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda synçy derejesini bermek baradaky çözgüdi goldandygy üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi.

Soňra W.Matwiýenko uly hormat bilen Gahryman Arkadagymyza söz berdi.

Milli Liderimiz, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirip, Walentina Matwiýenkonyň ýurdumyza berýän ýokary bahasyna kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän ýylynda Parlamentara Assambleýanyň mejlisiniň ýurdumyzda geçirilmeginiň guwandyryjy wakadygyny belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasy barada aýdyp, onuň köp ýyllaryň dowamynda hereket edip gelýändigini we ygtybarly kanunçylyk binýadyny döredendigini nygtady.

Çykyşyň doly teksti bilen şu salgylanma arkaly tanşyp bilersiňiz: https://mfa.gov.tm/articles/2068.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko mazmunly çykyşy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol mejlisiň işine döredilen mümkinçilikler we şertler üçin Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan edip, Awazada geçirilýän çäreleriň halklaryň arasyndaky dostlugy has-da pugtalandyrmaga, gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Türkmenbaşy Halkara howa menziline geldi.