img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

IKITARAPLAÝYN RESMINAMA GOL ÇEKMEK DABARASY GEÇIRILDI

photo

2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisiniň çäklerinde «Türkmenistanyň Mejlisiniň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşi bilen Parlamentara dostluk toparynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň  Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlyk boýunça toparynyň 2027-nji ýyl üçin iş Meýilnamasyna» gol çekmek dabarasy geçirildi. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli tagallalarynyň netijesinde, deňhukuklylyk, ynanyşmak, birek-birege hormat goşmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda täze derejelere çykýar. Bu dostlukly gatnaşyklaryň çäklerinde iki ýurduň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygyň hem täze mazmun bilen baýlaşýandygy, has netijeli häsiýete eýe bolýandygy aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň Mejlisinde hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşinde we Döwlet Dumasynda ikitaraplaýyn esasda döredilen Parlamentara dostluk toparlaryna bu hyzmatdaşlykda aýratyn orun degişlidir. 

Türkmenistanyň Mejlisi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasyndaky parlamentara gatnaşyklar iki taraplaýyn gol çekilen Hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşygyň esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şu gün gol çekilen Meýilnama iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we  işjeňleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýe bolar. Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegi iki ýurduň parlamentleriniň arasynda dialogy pugtalandyrmaga, kanunçykaryjylyk we parlament işinde toplanan tejribeleri öwrenmäge we özara alyşmaga, parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şeýle hem türkmen-rus gatnaşyklarynyň mazmunynyň täze ugurlar bilen baýlaşdyrylmagyna itergi berer.