TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ITALIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2020-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.  

Söhbetdeşligiň barşynda milli Liderimiz 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa bolan saparyny aýratyn mähirlilik bilen ýatlaýandygyny nygtady. Şol saparyň barşynda Rimde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özara gatnaşyklaryň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Prezident Serjio Mattarellä Türkmenistanyň bitarap daşary syýasy ugruny hemişe berk goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Biz Italiýanyň Türkmenistanyň tekliplerini ilerletmäge işjeň gatnaşyp, biziň başlangyjymyz bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň energetika howpsuzlygy, durnukly ulag, ekologiýa ulgamyndaky birnäçe başlangyçlarynyň awtordaşy bolup çykyş edendigine ýokary baha berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Öz nobatynda, biziň ýurdumyz Italiýa Respublikasynyň netijeli başlangyçlaryny, dürli halkara düzümlere saýlawlarda onuň kandidaturasyny goldaýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serjio Mattarella hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny anyklaşdyryp, söwda-ykdysady ulgamy şolaryň hatarynda görkezdiler. Şunuň bilen baglylykda, Italiýanyň Ýewropa döwletleriniň arasynda Türkmenistanyň iň iri ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygy bellenildi.

Geçen ýyl Italiýa ýurdumyzyň daşary söwdasynda 3-nji orny eýeledi. Şunda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy bir ýarym milliard amerikan dollaryndan gowraga barabar boldy. Häzirki wagtda Italiýanyň türkmen önümleriniň eksporty boýunça hyzmatdaşlaryň sanawynda ikinji orny eýeleýändigi bellärliklidir.

Işewür düzümleriň arasyndaky gatnaşyklar hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn resminamalaryň 20-sine gol çekilmeginiň geçen ýylyň noýabr aýynda Milanda geçirilen türkmen-italýan işewürler forumynyň netijesi bolandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda nebitgaz ulgamy ýaly strategik ähmiýetli topluma aýratyn üns berildi. Nebiti we gazy gaýtadan işleýän pudaklarda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Bu babatda, ilkinji nobatda, gürrüň esasy çig mal hökmünde tebigy gaz ulanylýan önümleri öndürmek boýunça zawodlaryň gurluşygy barada barýar.  

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Serjio Mattarella ynsanperwer hyzmatdaşlygy meselesine aýratyn üns berdiler. Bellenilişi ýaly, Italiýa hem-de Türkmenistan baý taryhy-medeni mirasa eýedir, munuň özi netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin oňat mümkinçilikleri şertlendirýär. Yzygiderli geçirilýän dürli çäreler hem-de italýan hünärmenleriniň ýurdumyzyň birnäçe binagärlik ýadygärliklerinde alyp barýan köpýyllyk işleri şol gatnaşyklary has-da baýlaşdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ugry boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine degip, ýurdumyzda italýan diliniň öwrenilmegine uly üns berilýändigini belledi, häzirki wagtda bu dil iki ýokary okuw mekdebinde ulgamlaýyn esasda öwredilýär. Şonuň bilen birlikde, durmuş ulgamynda, hususan-da, saglygy goraýyş we derman senagaty boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlyk beýan edildi.

Döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, syýasy, ykdysady hem-de ynsanperwer ugurlarynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz DIM-leriň arasynda geňeşmeleri yzygiderli geçirmek arkaly daşary syýasat edaralarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn ýol kartasyna ýa-da hereketleriň meýilnamasyna gol çekmäge taýýarlyk görmek boýunça anyk teklipleri öňe sürdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin türkmen-italýan işewürler geňeşini ýa-da degişli Iş toparyny döretmegi, şeýle hem her ýyl Türkmenistanda Italiýanyň Ykdysadyýetiniň gününi geçirmegi we Milan şäherinde ýurdumyzyň söwda wekilhanasyny açmagy teklip etdi.

Milli Liderimiz ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlygyň toplanylan oňyn tejribesinden ugur alyp, “Türkmenistan — Italiýa” medeni hyzmatdaşlygy esaslandyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi, ol bilim, ylym we medeniýet ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin hemişelik hereket edýän gurama hökmünde hyzmat edip biler.

Döwlet Baştutanymyz italýan kärdeşini özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serjio Mattarella okgunly ösüş häsiýetine eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň şu günki ýagdaýy hem-de geljekki ösüşi barada anyk, işewür ýagdaýda geçen söhbetdeşlige kanagatlanma bildirip, birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.