TÜRKMEN TÜRGENLERI HALKARA ÝARYŞLARYNDA ÜSTÜNLIKLI ÇYKYŞ EDÝÄRLER

27-nji awgustdan 7-nji sentýabry aralygynda Çungju şäherinde (Koreýa Respublikasy) geçen söweş sungaty boýunça Bütindünýä oýunlarynda dünýäniň 100 döwletinden 4 müňden gowrak türgen hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndy topary gatnaşdy.

Şeýlelikde, “Jiu-Jitsu” boýunça ýaryşda biziň ildeşlerimiz üç gezek baýrakly orunlara mynasyp boldular. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Weronika Rus 63 kg agram derejesinde we Türkmen döwlet gurluşyk-binagärlik institutynyň 3-nji ýyl talyby Jelilmuhammet Hojamyradow (69 kg) has hem tapawutlandylar.

4-nji sentýabrda geçen “sambo” we “söweş sambosy” boýunça ýaryşlarda milli ýygyndy toparymyz 5 medal gazandy we olardan üçüsi altyn medaldyr.

5-nji sentýabrda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Abdylla Babaýew 68 kg agram derejesi boýunça ilkinjiligi gazanmagy başardy. Şol institutyň 3-nji ýyl talyby Begenç Baltaýew 74 kg agram derejesi boýunça bürünç medaly gazanmagy başardy.

Çungju şäherinde geçirilen söweş sungaty boýunça Bütindünýä oýunlary tamamlandy we Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň onda gazanan netijeleri bizi buýsandyrýar – 25 medal, olaryň içinde 9-sy altyn medallardyr.

Mundan başga-da, Male şäherinde (Maldiw Respublikasy) 6-8-nji sentýabr aralygynda “FIBA 3x3 Asia Quest 2019 Final” görnüşli basketbol boýunça halkara ýaryşy geçirildi. Oňa 16 ýurtdan türgenleriň 64-si, şol sanda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary hem gatnaşdy.

Çekeleşikli geçen bu ýaryşlarda biziň basketbolçylarymyz öz ýokary derejeli ussatlyklaryny  görkezip, ikinji orny eýelediler hem-de kümüş medallara mynasyp boldular.