ŽENEWADA “MEDENI ÝAKYNLYK: MEŇZEŞLIK KÖP DÜRLÜLIKDENDIR” ATLY BILELIKDÄKI SERGINIŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Ženewa şäherinde Intellektual Eýeçiliginiň Bütindünýä Guramasynyň (WIPO) Assambleýasynyň 58-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň girýän Merkezi Aziýa, GDA we Kawkaz ýurtlarynyň sebitleýin toparynyň (CACEEC) agzalarynyň gatnaşmaklarynda “Medeni ýakynlyk: Meňzeşlik köp dürlülikdendir” atly bilelikdäki serginiň açylyş dabarasy geçirildi.

Sergini WIPO guramasynyň Baş sekretary jenap Frensis Garri CACEEC ýurtlarynyň hemişelik wekilhanalarynyň baştutanlary bilen bilelikde açdy.

Türkmenistan bu sergä işjeň gatnaşdy, hem-de “Beýik Ýüpek ýoly” temasyny esas edinip, türkmen el halylaryny Türkmen halkynyň taryhy we intellektual eýeçiliginiň köp asyrlyk önümi hökmünde sergide ýerleşdirdi.

Jenap Frensis Garri Türkmenistanyň wekilhanasyna sergä gatnaşýandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi we türkmen halysynyň hem-de onuň gölleriniň ajaýyplygyny şeýle-de özboluşlylygyny aýratyn belläp geçdi.

WIPO-nyň Assambleýasy bu guramanyň her ýyl geçirýän iň iri çäresidir. Bu çärä guramanyň agza ýurtlarynyň we akademiki hem-de ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Şu ýyl WIPO-nyň Assambleýasyna gatnaşýan wekilleriň bir müňden gowragy sergä baryp görerler. Serginiň işi 2018-nji ýylyň 2-nji oktýabryna çenli dowam eder.