KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde peýda bolan Täjigistan Respublikasynyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Imomi Sodik Aşurboýzodanyň Duşenbäniň Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygyny “soňa goýmagy” meýilleşdirýändigi hakyndaky beýan eden sözleri barada Täjik tarapyna özüniň düşünmezligini bildirdi.

Täjik diplomatynyň ýokarda görkezilen beýannamasy boýunça Türkmen tarapynyň teswirlemesi resmi ýagdaýda Täjigistanyň DIM-niň dykgatyna ýetirildi.

 

Türkmenistanyň DIM-niň

 Metbugat gullugy