YNSANPERWER HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE SAHYPASY: MOSKWA ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNDAKY MEDENIÝET GÜNLERINE BADALGA BERILDI
2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Moskwanyň «Rus aýdymy» döwlet akademiki teatrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy.
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu gatnaşyklar ähli döwürlerde hem dostlugyň, özara düşünişmegiň köprüsi bolup hyzmat edýär. Şu gezekki türkmen medeniýetiniň baýramçylygy hormatly myhmanlary: Russiýa Federasiýasynyň DIM-iň wekillerini, Russiýanyň medeni edaralarynyň jogapkär işgärlerini, Moskwada akkreditirlenen daşary ýurt diplomatlaryny, iki ýurduň işewür düzümleriniň wekillerini, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryny, ylym we medeniýet işgärlerini, žurnalistleri, talyplary we Russiýa Federasiýasynyň sebitlerindäki türkmen diasporalarynyň wekillerini bir ýere jemledi.
Çärelere gatnaşmak üçin medeniýet işgärlerinden we sungat ussatlaryndan, şol sanda meşhur artistlerden, opera ýerine ýetirijilerinden, estrada aýdymçylaryndan, meşhur saz we tans toparlaryndan, şeýle hem KHBS-iň wekillerinden ybarat bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherine geldi.
Teatryň eýwanynda milli medeniýetleriň özara baýlaşmagynyň ajaýyp baýramçylygyna gatnaşýan myhmanlara Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky türkmen halkynyň taryhyny we çeperçilik mirasyny açyp görkezýän milli şaý-sepleriň, muzeý gymmatlyklarynyň, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň özboluşly eserleri ýerleşdirilen diwarlyklardyr sergi tekjeleri görkezildi. Çeper bezegli milli zenan lybaslary, türkmen şaý-sepleri, el keşdeleriniň we haly önümleriniň nusgalary serginiň myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi.
Dabarada çykyş edenler şeýle duşuşyklaryň türkmen-rus ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň asylly däplerine doly laýyk gelýändigi, dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hyzmat edýändigi bilen ylalaşdylar. Türkmenistanyň we Russiýanyň halklarynyň arasyndaky däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň iň täze taryhda öz sazlaşykly ösüşini tapýandygy bellenildi.
Türkmen sungat ussatlary tomaşaçylary halk döredijiliginiň, şeýle hem häzirki zaman nusgawy we estrada sungatynyň nusgalary bilen tanyşdyrdylar, milli wokal çykyşlaryny we tanslaryny görkezdiler, kirişli we üflenip çalynýan saz gurallarynyň asyl nusgalarynda halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylary haýran galdyrdylar. Çäre ajaýyp waka öwrülip, köp sanly tomaşaçylada uly täsir galdyrdy.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň maksatnamasy iki ýurduň medeniýet işgärleriniň arasynda birnäçe duşuşyklaryň girilmegini göz öňünde tutýar. Şeýle-de türkmen wekiliýeti üçin Russiýanyň paýtagtynyň gözel ýerlerine baryp görmek boýunça giňişleýin maksatnama taýýarlanyldy.