TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNYŇ TÜRKMENISTANDA DURMUŞA GEÇIRILMEGI BOÝUNÇA TEGELEK STOLUNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmegine bagyşlanan tegelek stol görnüşindäki mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) we Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ählumumy howpsuzlygyň aýdyň maksatnamasy, Durnukly Ösüş Maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmagyň bähbidine dünýä syýasatynyň möhüm meseleleriniň çözgüdine bolan garaýyşlaryň birligi we özara ýakynlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň özenini düzýär.

Çäräniň esasy maksatlarynyň biri BMG tarapyndan Durnukly Ösüş Maksatlarynyň görkezijilerine üýtgeşmeleri girizmek boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşmak. 

Tegelek stola gatnaşyjylar Durnukly Ösüş Maksatlaryň görkezijileri babatynda maglumatlary ýygnamagyň ýygylygy boýunça anyk teklipleri berdiler hem-de Durnukly ösüş maksatlar boýunça düzgünleri we jogapkär taraplar barada, şeýle hem BMG-niň düzüm birlikleriniň gatnaşmagynda Meýletin milli synyny taýýarlamak we Türkmenistanyň degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň arasyndaky duşuşyklary geçirmekligiň meýilnamasynyň umumy ýygyndysyny çap etmekligi teklip etdiler.