MOSKWA ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 30 ÝYLLYK ÝUBILEÝI, HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY HEM-DE BMG-NIŇ 80 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DIPLOMATIK AGŞAMY GEÇIRILDI

photo

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileýi, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, BMG-niň 80 ýyllygy hem-de “BMG – 80 oýunlary” atly sport ýaryşlarynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi.

Çäräni Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy bilen BMG-niň Moskwa şäherindäki Maglumat merkezi bilelikde gurady.

Kabul edişlige Russiýa Federasiýasynyň DIM-iň wekilleri, Russiýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, jemgyýetçilik we syýasy işgärler, ylym-bilim ulgamynyň wekilleri, žurnalistler, şeýle hem sport ýaryşlaryny geçirmäge ýardam beren sport guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi E.M.Aýdogdyýew öz çykyşynda Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine eýermek bilen, dialog, hyzmatdaşlyk hem-de parahatçylygy pugtalandyrmak ugrunda üýtgewsiz çykyş edýändigini belledi. Häzirki wagtda döwletimiz BMG-niň gymmatlyklaryna ygrarlydygyny tassyklamak bilen, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin ählumumy herekete möhüm goşant goşýar.

2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de bu guramanyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy baýram edilýär. Geçen döwrüň dowamynda BMG ýurtlaryň arasyndaky dialog üçin ýeke-täk möhüm meýdança bolmagynda galýar. Türkmen Bitaraplygy hem 30 ýylyň içinde sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň wajyp şertine öwrüldi.

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 4-nji awgustyndan 12-nji oktýabry aralygynda geçirilen “BMG – 80 oýunlary” atly sport ýaryşlary hem 2025-nji ýylyň bu möhüm senelerine bagyşlandy. Ýaryşlara Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanalaryň, konsullyk edaralarynyň we beýleki daşary ýurt wekilhanalarynyň, şeýle hem BMG-niň Moskwa şäherindäki Maglumat merkeziniň, Russiýanyň DIM-iň, Russiýanyň DIM-niň Moskwanyň döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň  (MGIMO) toparlary, “BMG-niň nusgasynyň” topary, talyplar we sport mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar.

Dabara ýygnananlara sport ýaryşlarynyň geçirilişiniň netijeleri barada wideo ýazgy görkezildi.

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.W.Werşininiň gutlag sözünde bu sport baýramçylygynyň ýokary guramaçylyk derejesinde, dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçirilendigi, onuň köp sanly gatnaşyjylary, tanymal ussalary, zehinli ýaşlary hem-de işjeň durmuş ýörelgesine ygrarly bolan dürli ýaşdaky adamlary bir ýere jemländigi nygtalýar.

Soňra dabaraly kabul edişligiň dowamynda BMG – 80 jemgyýetçilik komitetiniň Başlygy, Russiýanyň BMG-ä ýardam beriş Assosiasiýasynyň Başlygy, Russiýanyň DIM-iň MGIMO-nyň rektory, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, professor A.W.Torkunow, BMG-niň Moskwa şäherindäki Maglumat merkeziniň direktory W.W.Kuznesow, “Bütindünýä dostluk oýunlarynyň” Guramaçylyk komitetiniň baş direktory D.A.Putilin şeýle hem BMG-niň Hoşniýetlilik Ilçisi W.Fetisow çykyş etdiler.

Nygtalşy ýaly, 2024-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen ilkinji gezek diplomatik wekilhanalarynyň wekilleriniň hem-de BMG-niň Sekretariatynyň we edaralarynyň işgärleriniň arasynda sport ýaryşlary – BMG-niň Oýunlary geçirildi. 2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistan we Hindistan tarapyndan hödürlenen kararnamany kabul etdi. Resminamada BMG-niň Oýunlarynyň “sport diplomatiýasynyň” meýdançasy hökmündäki orny bellenilýär hem-de Oýunlary her ýylda geçirmäge çagyrylýar.

Çykyşlarda döwletleriň we halklaryň arasyndaky parahatçylygy, dostlugy we özara düşünişmegi berkitmekde hemişelik Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny barada aýdyldy. Moskwa şäherinde geçirilen “BMG – 80 oýunlary” sport ýaryşlarynyň baş maksadynyň özara düşünişmek ruhuny pugtalandyrmak hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň esasyny düzýän Bitaraplygyň ýokary gymmatlyklaryna eýermek arkaly diplomatik jemgyýetçiligini bitewüleşdirmekden ybarat bolandygy bellenildi.

Küşt, futbol we tennis boýunça üstünlikli geçirilen sport ýaryşlary  raýdaşlygyň, parahatçylygyň we ynamyň aýdyň nyşany bolmak bilen, dostlugyň, adalatly bäsdeşligiň hem-de umumy maksatlara ymtylyşyň biziň dünýämizi has-da gowulaşdyrmaga ukyplydygyny görkezdiler.

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Çäräniň çäklerinde türkmen milli aýdymlary ýerine ýetirildi hem-de asylly däbe görä ähli myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.