TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ ROSSOTRUDNIÇESTWO FEDERAL AGENTLIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY

         Şu ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi E.M.Aýdogdyýew bilen GDA-nyň we daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlaryň işleri hem-de halkara ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça (Rossotrudniçestwo) Federal agentligiň ýolbaşçysy Ýe.A.Primakowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

         Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler bar bolan uly mümkinçiliklerden peýdalanyp, ynsanperwer pudagynda hyzmatdaşlyk etmek babatynda özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerini içgin ara alyp maslahatlaşdylar.

         Ýe.Primakow iki döwletiň arasynda ynsanperwer ugurlarda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi.

         Ilçi E.Aýdogdyýew Moskwada Magtymguly Pyragynyň göwre heýkeliniň açylandygy, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň esasy wakalarynyň biri hökmünde türkmen halkynyň beýik nusgawy şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp, 11 oktýabrda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň üstünlikli geçirilendigi, şeýle hem 16-17-nji oktýabrda Russiýa Fedwerasiýasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň geçirilendigi habar berdi.

         Söhbetdeşler taraplaryň ylym, bilim we medeniýet edaralary üçin özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini dowam etmegiň zerurdygy barada pikirdeşdiklerini beýan etdiler we bu ugurda hyzmatdalyk etmäge ikitaraplaýyn islegiň bardygyny aýratyn nygtadylar.

         Duşuşyk dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçdi.