TÜRKMEN-RUS SÖWDA DOLANYŞYGY 73,5 GÖTERIM ÝOKARLANDY

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda dolanyşygy görnetin ýokarlandy. Bu barada «Trend» habar berýär.

Çeşmäniň bellemegine görä, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda türkmen-rus söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 73,5 göterim ýokarlandy. Has takygy, hasabat döwründe iki ýurduň arasyndaky özara söwda 700 million amerikan dollaryndan gowrak boldy.