MOSKWADA «MAGTYMGULY, SÖZLÄR TILI TÜRKMENIŇ» ATLY KONSERT GEÇIRILDI

Şu ýylyň 21-nji awgustynda «Dostlary jemleýäris» atly XVIII halkara aýdym-saz festiwalynyň çäklerinde Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry, ajaýyp söz ussady we Gürdogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly konsert uly üstünlik bilen geçirildi

Özüniň gutlag ýüzlenmesinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi E. Aýdogýýew “Şu günki konsert hakykatdanam Magtymguly Pyragynyň adynyň Russiýada ägirt uly hormata eýediginiň we onuň ykrar edilmeginiň, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky aýrylmaz dostluk bagynyň we özara hormatyň aýdyň subutnamasy bolup öňe çykýar.

Şu ýyl Russiýada Magtymgulynyň 300 ýyllyk ýubileýi giňden bellenilýär. Moskwa, Sankt-Peterburg, Astrahan, Kazan – bu Russiýanyň çäklerinde geçirilýän we dowam etdiriljek dabaraly çäreleriň geografiýasynyň doly sanawy däl. Türkmenistanda muňa ýokary baha berilýär. Iki ýurduň arasynda medeniýet, ynsanperwer we bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk strategiki döwletara hyzmatdaşlygynyň berk köprüsi bolup durýar” diýip belläp geçdi.

Türkmen sazandalarynyň konsert programmasynda Magtymguly Pyragynyň goşgularyna ýazylan wokal we instrumental eserler, şeýle hem türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyryna bagyşlanan kompozisiýalar ýer aldy.

Konsertiň guraýjylary bolup Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy, N. Halmamedowyň adyny göterýän “Dutaryň owazy” festiwalynyň direktory M.Guseýnow we Moskwa döwlet konserwatoriýasy çykyş etdiler.

Çäräniň öňýanynda M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdym-saz taryhy bölüminiň uly mugallymy L.Babaýewa “Magtymgulynyň mirasy we häzirki zaman saz sungaty” atly tanyşdyryş sapagy bilen çykyş etdi.

Türkmen wekiliýetiniň düzümi M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we ýurdumyzyň beýleki ýörite sazçylyk mekdepleriniň sazandalary we wokalçylaryndan ybarat boldy.

Konsert kompozitor M.Güseýnowyň “Magtymguly Pyragynyň monologlary” atly monooperasy bilen tamamlandy.

Konsert zalynyň eýwanynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan surat kartinalarynyň we kitaplaryň sergisi guraldy.