TÜRKMENISTANYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNDAKY ILÇISINIŇ WE MDHGI-Ň REKTORYNYŇ DUŞUŞYGY

 

Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300-ýyllygyna bagyşlap, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň hem-de Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynda (MDHGI) bilim alýan türkmen talyplarynyň jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde guralan we geçirlen Tegelek stol we sergi çäresiniň çäklerinde 2024-nji ýylyň 21 martynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi E.M.Aýdogdyýew bilen MDHGI-ň rektory A.W.Torkunowyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik häsiýete eýe bolan gatnaşyklaryň şu günki ýeten ýokary derejesini aýratyn nygtap geçdiler.

         Rektor A.Torkunow häzirki wagtda MDHGI-da Türkmenistanyň raýatlaryndan bolan 28 sany talybyň bilim alýandygyny habar berip, olaryň jogapkärçilik derejeleriniň ýokarydygy we okuwlaryna erjel çemeleşýändikleri, şeýle hem ykrar edilen ýokary okuw mekdebiniň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýandyklary barada belläp geçdi.

         Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Federal döwlet awtonom bilim berýän ýokary bilim edarasy bolan “Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň (uniwersitetiniň)” arasyndaky Ylalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygy barada meseläni ara alyp maslahatlaşdylar we ylalaşyga geldiler.

         Şeýle hem taraplar, MDHGI-y bilen Türkmenistanyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara tejribe alyşmak babatynda hyzmatdaşlygyň bar bolan potensialyny doly möçberde peýdalanmagyň zerurdygy baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we peýdalanmak babatynda
MDHGI-ň toplan uly tejribesini türkmen hünärmenleriniň öwrenmeklerine ýardam bermek baradaky mesele maslahatlaşmanyň esasy temasy boldy.

         Duşuşyk dostluk we özara düşünişmek ruhunda geçdi.