TÜRKMENISTANYŇ GAHRYMANY KOSMOSDA BOLMAGYŇ UMUMY DOWAMLYLYGY BOÝUNÇA TÄZE REKORD GOÝDY

Rus kosmonawty, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko kosmosda bolmagyň umumy dowamlylygy üçin täze rekord goýdy. Bäş kosmos gatnawynda jemi 878 gün 11 sagat 29 minut 48 sekunt toplan watandaşymyzyň görkezen netijesi Gennadiý Padalkanyň ozalky rekordlaryndan ýokary boldy.

Indi Kononenko Halkara kosmos stansiýasyna bäşinji uçuşyny amala aşyrýar (ol ýere ilkinji gezek 2008-nji ýylda gidipdi). Rus toparynyň beýleki ähli kosmonawtlary üç gezekden köp uçmadylar. Kononenko 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda rus Nikolaý Çub we Amerikadan Loral O'Hara bilen bilelikde «Soýuz MS-24» kosmos gämisinde uçdy.

Amerikanyň astronawty şu ýazda ýere gaýdyp geler we Kononenko we Çubuň ekspedisiýasy ýene alty aý dowam eder. Olar 23-nji sentýabrda dolanmaly. sBu döwürde Kononenko müň günden hem gowrak orbitada bolan ilkinji kosmonawt bolmagy başarar.