TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Mälim bolşy ýaly, dostlukly ýurduň aýry-aýry sebitleri, şol sanda Tatarystan bilen hyzmatdaşlyk netijeli döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugrudyr, bu sebit bilen biziň ýurdumyzy öňden gelýän, taryhy taýdan emele gelen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, özara hormat goýmak hem-de goldamak ýörelgelerine esaslanýan  ykdysady we medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. 

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-tatarystan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada içgin pikir alyşmalar boldy, uly mümkinçilikler hem-de soňky ýyllarda amala aşyrylan möhüm ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde toplanylan bilelikdäki oňyn iş tejribesi bilen berkidilen gyzyklanmalary hasaba almak bilen bu gatnaşyklar has-da berkidilýär. 

Birnäçe ugurlar, hususan-da, ýangyç-energetika toplumy, ulag, dokma senagaty, oba hojalygy, maşyn we gämigurluşyk ulgamlary boýunça hyzmatdaşlyk köpugurly türkmen-tatarystan gatnaşyklarynda aýratyn orun eýeleýär. 

Şunuň bilen baglylykda, şu günler Aşgabatda geçirilen türkmen-russiýa işewür forumynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi, bu çäre, ozaly bilen iki ýurduň işewürler toparlarynyň hem-de edaralarynyň arasynda söwda-ykdysady we senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer. 

Türkmenistanda hem, Tatarystanda hem ösdürilmegine uly üns berilýän sport ulgamynda tejribe alyşmak, şeýle hem däp bolan ylym we bilim ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek, hususan-da, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek hem-de Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde we ylym merkezlerinde ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak mümkinçilikleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýap edip, iki doganlyk halkyň arasynda gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.