TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ XXIV MASLAHATY GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda, ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen foruma daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri we Watanymyzyň dürli künjeklerinden...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ “C5+1” KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ BIRINJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün, , 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda, günüň ikinji ýarymynda “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji taryhy duşuşygyna gatnaşdy. Bu birinji Prezident sammiti meseleleriň giň toplumyny, şol sanda sebit howpsuzlygy, söwda we özara baglanyşyk, howanyň üýtgemegi hem-de dolandyrmagy gowulandyrmak we kanunyň ileri tutulýandygyny ü...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 78-NJI SESSIÝASYNDA EDEN ÇYKYŞY
(Nýu-Ýork şäheri, 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabry) Hormatly wekiliýetleriň Baştutanlary we agzalary! Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, sizi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň başlanmagy bilen gutlaýaryn we netijeli işlemegi arzuw edýärin. Şeýle hem ilçi Dennis Frensisi Baş Assambleýanyň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlaýaryn we oňa şu jogapkärli döwürde alyp barjak işinde goldaw, ýardam beriji sözlerimi beýan edýärin. Häzirki döwürde hut örän...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 78-NJI SESSIÝASYNDA ÇYKYŞ ETDI
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün, 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy. Bu waka eziz Watanymyzyň döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu konsepsiýada Milletler Bileleşigi bilen strategik gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Häzi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli dialogy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Şol dialog bolsa ýylsaýyn giňelip, gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda,...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Nýu-Ýork wagty bilen günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň binasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany BMG-niň Baş sekretary mähirli garşylady. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş hormatly Prezidentim...
TÜRKMEN WEKILIÝETI ASTRAHAN ŞÄHERINDE GEÇIRILÝÄN HAZAR MEDIAFORUMYNA GATNAŞAR
18-19-njy sentýbarda Russiýanyň Astrahan şäherinde Hazar mediaforumy geçirilýär. Onuň çäklerinde «Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi. Täze durmuş — täze mümkinçilikler» atly ara alyp maslahatlaşmalar guralar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň resmi saýtynda habar berildi. Hazar mediaforumy Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Russiýadan we Türkmenistandan, şeýle hem Belarusdan, Hindistandan, Gyrgyzystandan we Özbegistan...