img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Mar

TÜRKMENISTAN KAZANDA GEÇIRILJEK FORUMA GATNAŞAR

Türkmenistan 14–19-njy maýda Russiýanyň Tatarystan Respublikasynda geçiriljek «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly halkara foruma gatnaşar we bu ýerde guraljak ykdysady üstünlikleriň sergisinde özüniň diwarlygyny görkezer. Guramaçylaryň bellemegine görä bu ýyl forumyň esasy temalary halal önümleriň önümçiligi, yslam dünýäsiniň maliýe we bilim ulgamlaryny, ulag geçelgelerini ösdürmek barada bolar. Lukmançylyk syýahatçylygy ýaly ugurlar hem has giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle...

DOWAMY
pic
13 Mar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ LEBAP SEMENT ZAWODYNYŇ IKINJI TAPGYRYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň gündogar sebitine iş saparyny amala aşyryp, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy.  Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde milli ykdysadyýetiniň senagat pudagyna, hususan-da, gurluşyk serişdeleriniň önü...

DOWAMY
pic
12 Mar

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ AKSAKGALLAR GEŇEŞINIŇ 15-NJI MEJLISINDÄKI ÇYKYŞY

Hormatly aksakgallar! Size şu günki mejlise gatnaşmaga çakylygymyzy kabul edendigiňiz üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin. Biz bu ýerde türki halklaryň hormat-sarpaly, akyl-paýhasly, mynasyp wekillerini görýäris. Pursatdan peýdalanyp, siziň ähliňizi mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Aksakgallar geňeşiniň geçen gezekki mejlisinde ençeme möhüm teklipler, şol sanda geňeşiň nobatdaky 15-nji mejlisini 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek baradaky çözgüt k...

DOWAMY
pic
12 Mar

AŞGABATDA TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ AKSAKGALLAR GEŇEŞINIŇ 15-NJI MEJLISI GEÇIRILDI

Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýyldan bäri ýurdumyz TDG-de synçynyň derejesine eýedir. Türki Döwletleriň Guramasynyň maslahat beriji edarasy bolup durýan Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň Aşgabatda geçirilme...

DOWAMY
pic
12 Mar

GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ TDG-NIŇ AKSAKGALLAR GEŇEŞINIŇ 15-NJI MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE GEÇIRILEN DUŞUŞYKDAKY ÇYKYŞY

Hormatly aksakgallar! Gadyrly myhmanlar! Siziň ähliňizi gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda hoş gördük! Ilki bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisine gatnaşmak baradaky çakylygymyzy kabul edendigiňiz üçin siziň ähliňize minnetdarlyk bildirýärin. Biziň duşuşygymyz ähli musulman ymmatynda aýratyn hormatlanýan we bereketli aý hasaplanýan mukaddes Oraza aýynyň ilkinji gününe gabat geldi. Bu aý adamlaryň durmuşynda belent ruhy gymmatlyklaryň — ynsanper...

DOWAMY
pic
12 Mar

НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА ДАЛ ИНТЕРВЬЮ ТЕЛЕКАНАЛУ TRT HABER

Национальный Лидер туркменского народа, председателя Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедова дал интервью турецкому новостному телеканалу TRT Haber. Об этом сообщает Госинформагентство TDH. – Ваше Превосходительство, Национальный Лидер туркменского народа, Председатель Халк Маслахаты Туркменистана уважаемый Аркадаг! Первым делом позвольте выразить признательность за уделённое для интервью время, несмотря на загруженность делами. Будучи видным политиком и государственным деятел...

DOWAMY
pic
7 Mar

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ENELERINE WE ÄHLI GELIN-GYZLARYNA

Eziz eneler! Mähriban gelin-gyzlar! Sizi göwünlere ylham berýän bahar paslynyň ilkinji günlerinde dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Başymyzyň täjine deňeýän enelerimize, ýüzümiziň tuwagy bolan gelin-gyzlarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, durmuşyňyzyň gül-gülälekli, hoştap howaly mylaýym bahar ýaly owadan bolmagyny arzuw edýärin. Maşgalanyň sütüni hökmünde ýokary ahlaklylygyň nusgasy bolan eziz enelerimiziň mertebesini belentde tutmak türkmen halky...

DOWAMY