RSS

SOŇKY HABARLAR

22 Maý

KIPR RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Moskwa şäheri) täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kipros Ýorgallis bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. B.Mätiýew Kipr Respublikasynyň Ilçisini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we onuň işine türkmen tarapynyň degişli ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi. Gep...

DOWAMY
22 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BSGG-NIŇ BAŞ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

Ženewada geçirilýän Bütündünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 76-njy mejlisine gatnaşmak üçin iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri A.Germanowyň ýolbaşçylygynda 2023-nji ýylyň 20-nji maýynda Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Baş direktory Tedros Adan Gebreisus bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Gurama bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň dowamy...

DOWAMY
22 Maý

«AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY XXII KÖPUGURLY HALKARA SERGÄ TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR

Ozal habar berşimiz ýaly, 21-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen medeni çärelere we bu şanly senä gabatlanyp geçirilmegi göz öňünde tutulýan «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu köpugurly sergä ýerli we daşary ýurt kompaniý...

DOWAMY
21 Maý

BURKINA FASO, THE SYRIAN ARAB REPUBLIC AND UGANDA BECAME MEMBERS OF THE GROUP OF FRIENDS OF NEUTRALITY FOR PEACE, SECURITY AND SUSTAINABLE DEVELOPMENT

The Group of Friends of Neutrality for Peace, Security, and Sustainable Development is pleased to announce the approval of membership for three esteemed nations: Burkina Faso, the Syrian Arab Republic, and Uganda. This would reinforce the Group's commitment to fostering global peace, security, and sustainable development through the principles of neutrality. The Group of Friends of Neutrality for Peace, Security, and Sustainable Development is an informal international platform dedicated to a...

DOWAMY
21 Maý

TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BILEN UNESCAP-YŇ KARARNAMASY KABUL EDILDI

Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Bangkokda (Tailand) geçirilen 79-njy sessiýasynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň başlangyjy esasynda bu Komissiýanyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň howdany boýunça Ýörite Maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasy biragyzdan kabul edildi. Türkmenistan bilen bilelikde bu halkara ähmiýetli kararnamanyň döredijileri hökmünde Azerbaýjan, Ermenistan...

DOWAMY
20 Maý

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY SAUD ARABYSTANYNYŇ PATYŞA MAŞGALASYNYŇ AGZASY BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystanynyň Patyşa maşgalasynyň agzasy Emir Muhammed ben Saad ben Halid Al Saud bilen bolan duşuşygynda sazlaşykly ösýän köptaraply hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.  Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň diňe bir ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda däl, eýsem, abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Gur...

DOWAMY
20 Maý

DEMIRGAZYK-GÜNORTA GEÇELGESINI ÖSDÜRMEK ÜÇIN HALKARA KONSORSIUMY DÖREDILÝÄR

Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini ösdürmek üçin ýedi ýurdyň gatnaşmagynda halkara konsorsiumy döredilýär we eýýäm onuň üçin hukuk düzümi hasaba alyndy diýip, Russiýanyň wise-premýeri Marat Husnullin beýan etdi «Taslama hemmeler: logistika kompaniýalary, ýurtlar üçin gyzykly – olaryň ählisi pul çeker. Maliýe mehanizmi hasaplandy. Konsorsiumda ýedi tarap bolup, adamlar ulag geçelgelerine seretdiler, ugurlar tassyklandy», - diýip ol belledi Bu geçelgäniň döredilmeginde ýük daşamagyny Gazagy...

DOWAMY