TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PAÝTAGTYNDA “AK ŞÄHERIM AŞGABAT” ATLY XVII KÖPUGURLY HALKARA SERGI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XVII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Sergi häzirki Türkmenistanda şähergurluşyk, binagärlik hem-de şäher düzümini döretmek ulgamynda gazanylan üstünlikleri, toplanan iş tejribesini hem-de geljegini görkezýär. Sergini guraýjylar Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy gurluşykdan başlap, elektrik energiýasyna, gaýtadan işleýän we ýerli senagata, bezege hem-de şäher durmuşyny...
TÜRKMENISTANDAA IX HALKARA GAZ KONGRESI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 23-nji maýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresi öz işine başlady. Bu iri ýöriteleşdirilen forumy “Türkmengaz” Döwlet konserni bilen Gollandiýanyň “KHB Holland” kompaniýasy bilelikde gurady. Foruma dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan 400-e golaý wekil gatnaşdy. Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan, ABŞ-dan, BAE-den, Ýaponiýadan, HHR-den, Koreýa Respublikasyndan, Türkiýeden, Hindistandan, Owganystandan, Pakistandan, GDA döwletlerind...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Peter Burian bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny, şol sanda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň barşynda taraplar Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 71-NJI MEJLISINE GATNAŞÝAR
2018-nji ýylyň 21-nji maýynda Ženewa şäherinde Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 71-nji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekillerinden ybarat Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň 70 ýyllyk ýubileýi bilen gabat gelen ýokarda agzalan mejlisiň işine gatnaşdy. Saglygy goraýyş ulgamynyň aktual meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin sebitleýin hem-de global derejede strategiki wajyp meýdança Şweýsariýa...
TELERADIOÝAÝLYMLARYŇ HALKARA STANDARTLARY ÝHHG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASYNYŇ ÜNS MERKEZINDE
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, şeýle hem parlament wekilleri, žurnalisler we ygtyýarly guramalaryň, bilim we ylmy-barlag edaralaryň işgärleri ÝHHG-niň gurnan seminarynyň dowamynda teleradioýaýlymy dolandyrmagyň we ýaýlyma bermegiň täze görnüşlerini ara alyp maslahatlaşdylar. «Teleradioýaýlymy dolandyrmagyň halkara standartlary we ýaýlyma bermegiň täze görnüşleri» atly okuw maslahaty 2018-nji ýylyň 21-22-nji maýy aralygynda Aşgabatda...
HALKARA MAGLUMAT HOWPSUZLYGY MESELELERINE BAGYŞLANAN TÜRKMEN-RUS HÖKÜMETARA GEŇEŞMELERI
2018-nji ýylyň 22-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara maglumat howpsuzlygy boýunça türkmen-rus hökümetara geňeşmeleri geçirildi. Rus tarapynyň wekiliýetine Russiýa Federasiýasynyň Howpszulyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary O.W. Hramow ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda syýasy döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, wekiliýet ýolbaşçylary maglumat howpsuzlygy meselesinde...
RUSSIÝANYŇ ASTRAHAN OBLASTYNDA MAGTYMGULY PYRAGY ADYNDAKY MEKDEP AÇYLDY
2018-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Astrahan oblastynda saparda boldy. Şol gün Astrahan şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Astrahan oblastynyň gubernatory A.Žilkin bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ykdysadyýet, söwda, ulag, gämi gurluşyk, bilim we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeň...