SOŇKY HABARLAR
AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA HALKARA FEDERASIÝASYNYŇ KONGRESI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda paýtagtymyzyň “Sport” myhmanhanasynda Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) Kongresi geçirildi, we onuň işine IWF-nyň wekilleri, Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem daşary ýurt we ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Kongresiň dowamynda gatnaşyjylara gutlag sözi bilen Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) Prezidenti doktor Tamaş Aýan, şeýle hem Türkmenistanyň Sport...
NÝU-ÝORKDA DURNUKLY ULAGYŇ ÖSÜŞI BOÝUNÇA TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen hem-de BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri baradaky departamentiniň (UN DESA), BMG-niň iň pes ösen ýurtlar, deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlar we kiçi ada ösüp gelýän ýurtlar boýunça Ýokary wekiliniň Müdiriýetiniň (UN OHRLLS), Bütindünýä Bankynyň (WBG) we Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň (ICTD) ýardam bermeklerinde “2030-njy ýyla çenli hemmeler üçin ulagyň we ykj...
AŞGABATDA HDHHG-YŇ UTGAŞDYRYJY KOMITETINIŇ 23-NJI SESSIÝASY GEÇIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň we Daşary işler ministrliginiň gurnamagy esasynda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagynyň gözegçiligi boýunça Utgaşdyryjy komitetiniň (HDGHGUK) 23-nji mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işine Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetleri, BMG-niň Ýewropa üçin daşky...
TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ ŽENEWADAKY BÜTINDÜNÝA MAÝA GOÝUM FORUMY-2018-E (BMF-2018) GATNAŞMAGY
2018-nji ýylyň 22-26-njy oktýabry aralygynda düzüminde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň gurnamagynda geçirilen Bütindünýa maýa goýum forumynyň (BMF-2018) işine gatnaşdylar. Her iki ýyldan geçirilýän Bütindünýa maýa goýum forumy maýa goýum we ösüş üçin tutuş dünýäniň öňdebaryjy platformasy bolup durýar. “Durnukly ösüşe maýa goýmak” diýip atlandyrylan forumyň işiniň birinji gü...
“TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnaly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşlary açýar. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir...
HAZAR DEŇZI TESWIRNAMASYNYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK BOÝUNÇA HAZARÝAKA DÖWLETLERIŇ WEKILLERINIŇ 3-NJI MEJLISI
2018-nji ýylyň 23-25-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň paýtagtynda Hazar deňzinde biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň 3-nji mejlisi geçirilýär. Maslahata Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň wekiliýetleri gatnaşýarlar...
AŞGABATDA «HAZAR DEŇZI – GARA DEŇZI» HUG TASLAMASY BOÝUNÇA BILERMENLER DUŞUŞYGY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Aşgabatda Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň we Türkmenistanyň, şeýle hem ÝB-niň Kontakt burosynyň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda «Hazar deňzi – Gara deňzi» halkara ulag geçelgesiniň (HDGD–HUG) taslamasy boýunça dört taraplaýyn bilermenler duşuşygy öz işine başlady. Çykyşlaryň dowamynda wekiliýet ýolbaşçylary agza-ýurtlarynda bar bolan ykdysady mümkinçiliklerini bellemek bilen, köptaraplaýyn özaragatnaşyklarynyň gün tertibinde ulag hyzmatdaşlyg...