TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
ÝEWROPA BILELEŞIGI HEM-DE MERKEZI AZIÝANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK GIŇELDILÝÄR
2019-njy ýylyň 28-nji maýynda Belgiýanyň Brýussel şäherinde Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa Ýokary derejeli dialogyň syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça 6-njy mejlisi geçirildi. Mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, şeýle-de hormatly myhman hökmünde Owganystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary gatnaşdy. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçisi ýolbaşçylyk etdi. Ýewropa Bileleşigi tarapyndan bolsa mejlis...
PRESS-RELIZ
2019-njy ýylyň 28-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda, Nýu-ýork ş., ABŞ-da Guramanyň agza-döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň gatnaşmagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 85-nji plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. 21 sany döwlet bu rezolýusiýanyň awtordaşy bolup çykyş et...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI UNESCAP-YŇ 75-NJI MEJLISINE GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 27-nji maýyndan 31-nji maýy aralygynda Bangkokda, Tailandda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ýetmiş bäşinji mejlisi geçirilýär. Bu çärä Türkmenistanyň Adalatçysynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar. Her ýylda geçirilýän ýokary derejeli bu duşuşyk Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary üçin köpugurly platforma bolup, ol durnukly ykdysady we durmuş ösüşine degişli bolan täze hem-de derwaýys meselele...
TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETINIŇ KAZAN ŞÄHERINE SAPARY
2019-njy ýylyň 27-28-nji maýy aralygynda ministriň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde iş saparynda bolýar. Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny netijeli ösdürmek, elektron senagatyny kämilleşdirmek we sanly ykdysadyýet ulgamyna geçmek maksady bilen, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça Konsepsiýa kabul edildi. Şunuň bile...
TÜRKMENISTAN WE ÝAPONIÝA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELDÝÄRLER
2019-njy ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi, oňa türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hem-de ýapon tarapyndan “Itoçu Korporeýşn” ýapon kompaniýasynyň Wise-prezidenti jenap Ýoiçi Koboýaşi ýolbaşçylyk edýärler. Mejlise 80-e golaý wekillerden ybarat bolan Ýaponiýa...
TÜRKMEN WEKILIÝETI XVI ÝEWRAZIÝA MEDIA FORUMYNYŇ IŞINE GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 23-nji maýynda Türkmenstanyň Döwlet habarlary agentliginiň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilýän XVI Ýewraziýa media forumynyň işine gatnaşdy. Gazagystan Respublikasynyň Senatynyň başlygy Dariga Nazarbaýewanyň ýolbaşçylygynda geçirilen bu media forumyň işine dünýäniň 50 ýurdundan 600-e golaý wekiliýet ýagny, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýan, Estoniýanyň öňki Prezidenti Toomas Ilwes, syýasat...
AŞGABATDA ÝHHG-NYŇ KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA SEMINARY BAŞLADY
2019-njy ýylyň 23-nji maýynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda ÝHHG-nyň «Sanly tehnologiýalar eýýamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygyň özgerdilmegi» temasy boýunça seminary öz işine başlady. Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan seminarda ÝHHG-nyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ministrler Kabinetiniň, şeýle hem degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanyň...