RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ITALIÝA RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY BAŞLANDY

2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy. Şol günüň özünde Milan şäheriniň «Rosa Grand Milano» myhmanhanasynda Türkmenistan bilen Italiýanyň döwlet we hususy pudaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürler maslahaty öz işine başlady. Çäräniň dowamynda maslahata gatnaşyjylar energetika, nebit-gaz pudagy, telekommunikasiýa, ulag, syýahatçylyk we beýleki ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňelt...

DOWAMY
pic
6 Noý

TÜRKMENISTAN “SUW SERIŞDELERINI TYGŞYTLY PEÝDALANMAK – DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNA ÝETMEGIŇ ESASY” ATLY HALKARA MASLAHATYNY GEÇIRÝÄR

2019-njy ýylyň 5-6-njy noýabrynda Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak – durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy” atly halkara maslahaty geçirildi. Ol özünde dünýäniň 10 ýurdundan 60-dan gowrak bilermeni jemledi. Maslahatyň işine suw serişdelerini dolandyrmak ulgamynda taslamalary amala aşyrýan 9 sany halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.      Maslahaty geçirmek başlangyjy bilen Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bil...

DOWAMY
pic
6 Noý

AŞGABATDA HALKARA KITAP SERGI-ÝARMARKASY WE YLMY MASLAHAT ÖZ IŞINE BAŞLADY

2019-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we onuň çäklerinde ylmy maslahat öz işine başlady. Sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ylym hem-de medeniýet işgärleri, neşirýat gullugynyň hünärm...

DOWAMY
pic
5 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE “EKSPO-2020 DUBAÝ” BÝUROSYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de “EKSPO-2020 Dubaý” Býurosynyň ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Alynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.  Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler hem-de ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşi nukdaýnazaryndan Dubaýda geçiriljek “EKSPO-2020” halkara sergisiniň m...

DOWAMY
pic
4 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI “WOLGADA GEPLEŞIK: 21-NJI ASYRDA PARAHATÇYLYK WE ÖZARA DÜŞÜNIŞMEK” ATLY HALKARA MASLAHATYNA GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 31-nji okýabryndan 1-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Wolgograd şäherinde her ýyl geçirilýän “Wolgada gepleşik: 21-nji asyrda parahatçylyk we özara düşünişmek” atly halkara maslahatyna gatnaşdy. Öz çykyşynyň dowamynda, türkmen tarapy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň ähli döwletleri bilen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklamaga gönükdirilen daşary syýasaty barada gürrüň berdi. Bu sy...

DOWAMY
pic
4 Noý

В МОСКВЕ ПРОШЕЛ МЕЖДУНАРОДНЫЙ ФЕСТИВАЛЬ ИСКУССТВ «ЗВУКИ ДУТАРА»

Ярким событием в культурной жизни Москвы стал международный музыкальный фестиваль «Звуки дутара» имени Нуры Халмамедова, прошедший под сводами Московского дома национальностей и Российской академии художеств. Проводимый уже в пятый раз ежегодный музыкальный фестиваль «Звуки дутара» прочно закрепился в качестве важного мероприятия в музыкальной жизни российской столицы и полностью оправдал своё изначальное предназначение – содействие международному культурному диалогу на основе единства человечес...

DOWAMY
pic
2 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ŞHG-NYŇ AGZA-DÖWLETLERINIŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 1-2-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministri, ýurdumyzyň hormatly myhman hökmünde çagyrylan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) agza-döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Daşkent şäherinde boldy. Mejlis 2-nji noýabrda “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynda geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýl...

DOWAMY