RSS

SOŇKY HABARLAR

6 Iýul

AŞGABATDA ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILIÝETINIŇ DÖREDILMEGI BARADAKY RESMINAMA GOL ÇEKILDI

2019-njy ýylyň 6-njy iýulynda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-Prezidenti hanym Federika Mogerininiň Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn syýasy gepleşikler, ykdysady we sebitleýin integrasiýa, şeýle hem me...

DOWAMY
5 Iýul

ÝB-NIŇ DAŞARY IŞLER WE HOWPSUZLYK SYÝASATY BOÝUNÇA ÝOKARY WEKILI FEDERIKI MOGERININIŇ AŞGABADA SAPARY

2019-njy ýylyň 5-nji iýulynda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-Prezidenti Federika Mogerini Aşgabada iş sapary bilen geldi. Saparyň dowamynda ýokary derejeli myhman Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we Daşary işler ministri bilen duşuşyklary geçirer.

DOWAMY
5 Iýul

LÝUKSEMBURGDA ÝHHG-NIŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Lýuksemburgda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 28-nji her ýylky mejlisi öz işine başlady. Çäräniň birinji gününiň barşynda gün tertibi we 3 (harby-syýasy, ykdysady we ynsanperwer) komitet boýunça kabul edilmäge meýilleşdirilýän rezolýusiýalaryň hatary tassyklanyldy. 5-nji iýulda ykdysady meseleler boýunça ikinji komitetde “Durnukly ösüş üçin ylym, tehnika we innowasiýalar ugurlarynda strategiki maglumat beriş” atly Belarus Respublikasynyň beren rezolýusiýasynyň...

DOWAMY
4 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE RUS WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabatda geçirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara turkmen-rus toparynyň çäginde döredilen Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki toparyň ýedinji mejlisine gatnaşmak üçin gelen Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara turkmen-rus to...

DOWAMY
1 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ AGENTLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanda akkreditirlenen Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri, BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekilleri, şeýle-de BMG-niň Ösüş...

DOWAMY
29 Iýun

BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN HALKARA MEDIA-FORUM GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 29-njy iýunynda «Arçabil» myhmanhanasynda şu ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp halkara media-forum geçirildi. Media-foruma ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, halkara we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri, syýasatşynaslar hem-de žurnalistika hünärinde okaýan talyplar gatnaşdylar. Halkara media-forumyň başynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy...

DOWAMY
28 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPON WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Liberal-demokratik Partiýasynyň Daşary işler boýunça müdirliginiň direktory, ýapon-türkmen parlament dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Matsuşita Şinpeýiň ýolbaşçylygyndaky ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.  Gepleşikleriň başynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklarda ýetilen sepgitler barada pikir alşyp, taraplar dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn...

DOWAMY