RSS

SOŇKY HABARLAR

31 Iýul

AŞGABATDA ARAL BOÝUNÇA SEBITLEÝIN IŞ TOPARLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILÝÄR

2019-njy ýylyň 30-31-nji iýulynda Aşgabatda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän «Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek» hem-de «AHHG-nyň institusional-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek» boýunça hereketleriň maksatnamasyny» (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça sebitleýin iş toparlarynyň ikinji duşuşygy geçirilýär. Bu duşuşyk Halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti doland...

DOWAMY
26 Iýul

AŞGABATDA KANUNYŇ HÖKMÜROWANLYGYNYŇ ÝÖRELGELERINE LAÝYKLYKDA TERRORÇYLYK IŞINE GARŞY DURMAK BOÝUNÇA ÝHHG-NYŇ SEMINARY GEÇIRILDI

Aşgabat şäherinde geçirilen we 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda tamamlanan iki günlük okuw maslahatynyň maksady – kanunyň hökmürowanlygynyň ýörelgelerine laýyklykda terrorçylyk işine garşy durmak üçin jenaýat-hukuk çäreleriniň güýçlendirilmegi bolup, ol degişli döwlet edaralarynyň, şeýle hem adwokaturanyň 30-dan gowrak işgärlerini özünde jemledi.   ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ÝHHG-niň Sekretariatynyň Terrorçylyga garşy bölüminiň Transmilli wehimlere garşy göreşmek Departamenti bilen birlikd...

DOWAMY
25 Iýul

«HAZAR» TÜRKMEN-ASTRAHAN HABARLAR KITAPÇASYNYŇ BIRINJI SANY ÇAP EDILDI

2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) ýardam bermeginde Astrahan welaýatynyň Hökümeti bilen birlikde «Hazar» türkmen-astrahan habarlar kitapçasynyň birinji sany çap edildi. Kitapçanyň birinji sany Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Hazar deňzindäki hyzmatdaşlygynyň, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumyny (BHYF)...

DOWAMY
25 Iýul

TÜRKMENISTAN DOGANLYK OWGANYSTANA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI BERMEGI DOWAM EDÝÄR

2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Hökümetiniň goldaw bermeginde Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina etrabynda gurlan uzynlygy 10 kilometr bolan demirýol böleginiň dabaraly açylyşy, şeýle hem uzynlygy 35 kilometre barabar Akina-Andhoý täze demirýol şahasynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Çärelere Türkmenistanyň we Owganystanyň ulag we senagat edaralarynyň ýolbaşçylary, häkimler, hormatly ýaşulular,  köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýerli ýaşaýjy...

DOWAMY
24 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ HEM-DE ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY

Şu gün, 2019-njy ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň barşynda türkmen Lideri Özbegistanyň baştutanyny doglan güni bilen mähirli gutlady we berk jan saglyk, tükenmez ruhublentlik we ähli giň göwrümli başlangyçlarynda üstünlikler arzuw etdi. Özüne aýdylan gutlag we mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Özbegistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn h...

DOWAMY
24 Iýul

TÜRKMENISTANDA DÖM-NYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞI BOÝUNÇA MEÝLETIN MILLI SYNYNYŇ TANYŞDYRYLYŞYNYŇ NETIJELERI HAKYNDA

2019-njy ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 16-20-nji iýulynda Nýu-Ýork şäherine bolan saparynyň deslapky netijelerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi, bu saparyň çäklerinde Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi boýunça Meýletin milli synynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Iş mejlisiniň barşynda BMG-niň ştab-kwartirasynda Ykdysady we D...

DOWAMY
22 Iýul

TÜRKMENISTAN IMMUNIZASIÝA ULGAMYNDA ÝETEN ÝOKARY GÖRKEZIJILER ÜÇIN ÝUNISEF-IŇ ŞAHADATNAMASYNA MYNASYP BOLDY

Türkmenistanyň immunizasiýa ulgamynda gazanan üstünlikleri üçin ÝUNISEF tarapyndan ýokary baha eýe boldy.  2019-njy ýylyň 20-nji iýulynda, saglygy goraýyş boýunça geçirilen halkara maslahatynyň dowamynda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili hanym Kristin Weýgand Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýän Immunizasiýa boýunça milli maksatnama arkaly durmuşa geçirilýän immunizasiýa ulgamynda gazanylan ýokary görkezijiler üçin Şahadatnamasyny...

DOWAMY