RSS

SOŇKY HABARLAR

11 Sen

SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DÖWLET MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

2019-njy ýylyň 10-11-nji sentýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Ministrler Kabinetiniň agzasy, Döwlet ministri Emir Turki bin Muhammed bin Fahad bin Abdulaziz Al Saudyň ýolbaşçylygyndaky Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolýar. Şu gün, 11-nji sentýabrda ýokary derejeli myhmanyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwe...

DOWAMY
10 Sen

TÜRKMENISTANDA GEÇIRILJEK SPECA GÜNLERINIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY ÜÇIN ŽENEWADA SPECA ÝURTLARYNYŇ IÇLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda BMG-niň Ženewadaky Bölüminiň Türkmen otagynda 2019-njy ýylda Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) Dolandyryş geňeşinde we Ykdysady forumynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde SPECA-nyň  2019-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçiriljek günleri bilen bagly bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen SPECA ýurtlarynyň Içleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda BMG-niň Ýewropa ykdysady kom...

DOWAMY
9 Sen

DIM-DE BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde ileri tutýan ugurlaryndan gelip çykýan başlangyçlaryň we teklipleriň durmuşa geçirilmeginde taraplaryň özarahereketlerine aýratyn ähmiýet berildi. Hususan-da parahatçylygyň, howpsuzlygyň saklanylmagy we hal...

DOWAMY
9 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NIŇ ÇÖLLEŞMÄGE GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA KONWENSIÝASYNYŇ GATNAŞYJYLARYNYŇ MASLAHATYNYŇ XIV SESSIÝASYNA GATNAŞÝAR

2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde «Ýere maýa goýmak: açylýan mümkinçilikler» şygary astynda BMG-niň Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Konwensiýasynyň Gatnaşyjylarynyň Maslahatynyň XIV sessiýasynyň çäklerinde Ministrler derejesindäki duşuşyk öz işine başlady. Maslahatyň açylyş dabarasynda Hindistanyň Premýer-Ministri Narendra Modi we BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Amina Mohammed oňa gatnaşyjylary mähirli gutladylar we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek...

DOWAMY
9 Sen

ŽENEWADA HZG-NYŇ 144 KONWENSIÝASYNYŇ RATIFISIRLENMEGI HAKYNDAKY RESMINAMANYŇ GOWŞURLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Ženewada Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen Halkara zähmet guramasynyň Konwensiýasyna, ýagny Halkara zähmet kadalarynyň ulanylmagyna ýardam bermek üçin üçtaraplaýyn geňeşmelere goşulyşmak hakyndaky 144 Konwensiýasyna goşulmak hakyndaky resminamasynyň  HZG-nyň Baş direktory Gaý Raýdere gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Ilçisi, Hemişelik wekili Halkara zähmet maslahatynyň 108-nji sessiýasynyň we HZG-nyň 100 ýyllygyn...

DOWAMY
9 Sen

TÜRKMEN TÜRGENLERI HALKARA ÝARYŞLARYNDA ÜSTÜNLIKLI ÇYKYŞ EDÝÄRLER

27-nji awgustdan 7-nji sentýabry aralygynda Çungju şäherinde (Koreýa Respublikasy) geçen söweş sungaty boýunça Bütindünýä oýunlarynda dünýäniň 100 döwletinden 4 müňden gowrak türgen hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndy topary gatnaşdy. Şeýlelikde, “Jiu-Jitsu” boýunça ýaryşda biziň ildeşlerimiz üç gezek baýrakly orunlara mynasyp boldular. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Weronika Rus 63 kg agram derejesinde we Türkmen döwlet gurluşyk-binagärlik institutynyň 3-n...

DOWAMY
7 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ŽENEWADA BSG-KY HYZMATDAŞLYGYNYŇ IŞJEŇLEŞDIRILMEGINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA GEÇIREN DUŞUŞYKLARY

2019-njy ýylyň 6-njy sentýabrynda Ženewada, Şweýsariýa Konfederasiýasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýurtlaryň arasynda halkara söwdasynyň we ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi boýunça ýöriteleşdirilenen halkara guramalarynyň we edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklar Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi boýunça işleri dowam etdirmegiň çäklerinde guraldy. Şunuň bilen baglylykda wekiliýet BSG-nyň, BMG-niň Söwda we ösüş ma...

DOWAMY