RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Mar

ТÜRKMENISTAN – IRENA: IŞJEŇ HYZMATDAŞLYGYŇ ALNYP BARYLMAGYNA YGRARLYDYRLAR

2021-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda ähmiýetili mümkinçiliklere eýe bolan özara gatnaşyklaryň netijeliligi bellenilip geçildi. Mälim bolşy ýaly, türkmen tarapy Agentlik tarapyndan halkara, sebit derejelerinde geçirilýän çärelere, şol sanda IRENA-nyň Assambleýalaryna yzygiderli...

DOWAMY
pic
22 Mar

NOWRUZ BAÝRAMYNYŇ GYMMATLYKLARY HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ ÝÖRELGELERI BILEN SAZLAŞÝAR

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary halkara ähmiýetli Nowruz baýramyň şanyna ýörite çäreleri guradylar. 2010-njy ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assembleýasy 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýip yglan edipdi. Şeýle-de bu baýramçylygyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna girizilmegi aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy Nowruz baýramy mynasybetli Türk medeniýetiniň we mirasynyň Halkara Gaznasynyň...

DOWAMY
pic
20 Mar

TÜRKMENISTAN GARAŞSYZLYGYŇ 30 ÝYLLYGYNY HORMATLAÝAR WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNA YMTYLÝAR

2021-nji ýylyň 20-nji martynda Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ählihalk bag ekmek dabarasy giň gerimde geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti, Mejlisiň ýolbaşçylary we wekilleri, Hökümet agzalary, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň degişli Re...

DOWAMY
pic
18 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

2021-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Ministrler syýasy-diplomatik, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýylda ýokary derejeli saparlary guramaga aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasy edaralary...

DOWAMY
pic
17 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PAÝTAGTYNDA «BINAGÄRLIK SUNGATYNYŇ TARYHY WE MEDENIÝETI» ATLY HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT ÖZ IŞINE BAŞLADY

2021-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Binagärlik sungatynyň taryhy we medeniýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çäräniň başynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan taýýarlanan sergi bilen tanyşdylar. Göni hem-de sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen halkara maslahata Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow, Gurluşyk we binagärlik min...

DOWAMY
pic
17 Mar

TÜRKMENISTAN ÝHHG BILEN YNSANPERWER UGURDA HYZMATDAŞLYGY DOWAM ETDIRER

17-nji martda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid bilen ynsanperwerlik ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. Taraplar adam hukuklaryny, gender deňligini  goramak we ilerletmek boýunça hyzmatdaşlygyň netijelerine seredip geçdiler. Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň üsti bilen ýurduň ÝHHG bilen özara hereketleriniň netijeli alnyp barylýandygy bellenildi. Şeýle...

DOWAMY
pic
17 Mar

TÜRKMENISTAN ÝHHG BILEN ENERGIÝA HOWPSUZLYGY WE DURNUKLY ULAG ULGAMLARYNDA HYZMATDAŞLYGY BERKITMEGI TEKLIP EDÝÄR

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçiren duşuşygynda energiýa howpsuzlygynyň we durnukly ulag ulgamynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar sebit we global ösüş nukdaýnazaryndan, energiýa serişdelerine durnukly elýeterliligiň ähmiýetini nygtadylar. Türkmen tarapynyň belleýşi ýaly,  dünýäde energiýa serişdeleriniň iri öndürijileriniň we üpjün edijileriniň biri bolmak bilen,Türkmenistan olaryň dünýä b...

DOWAMY