RSS

SOŇKY HABARLAR

26 Sen

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen paýtagtynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Döwlet Baştutanymyzy hem-de ähli türkmen halkyny şanly sene mynasybetli gutlady we iň ýakymly arzuwlaryny...

DOWAMY
26 Sen

RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA GELDI

Şu gün, 26-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistana sapar bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen ikitaraplaýyn duşuşygy meýilleşdirilýär.  Şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşar.

DOWAMY
25 Sen

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary,...

DOWAMY
24 Sen

TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP DAŞARY ÝURTLARDA ÇAP EDILEN ÝÖRITE NEŞIRLERIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2021-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda žurnallaryň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan hem-de döwletimiziň ýeten sepgitlerini şöhlelendirýän ýörite sanlarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, daşary ýurtlarda işleýän Türkmenitsanyň Ilçileri we konsullary, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlary...

DOWAMY
24 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNDAKY WIDEOÝAZGY ÇYKYŞY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 21-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisindäki wideoýazgy çykyşyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministri...

DOWAMY
24 Sen

ÝURDUMYZYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYGYNYŇ ÖŇÜSYRASYNDA MÜŇLERÇE ADAMA TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGY BERILDI

2021-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugynyň binasynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda pederlerimiziň ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda 2 657 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle hem döw...

DOWAMY
22 Sen

«C5+1» FORMATYNYŇ ÇÄKLERINDE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE ABŞ-NYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň «C5+1» formatyndaky onlaýn duşuşygy geçirildi. ABŞ-nyň Döwlet sekretary hem-de Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri «C5+1» sebitleýin diplomatik platformasynyň aýratyn ähmiýetini nygtamak bilen, onuň 2021-nji ýylyň dowamynda owgan meseleleriniň, COVID-19, ykdysady gatnaşyklaryň hem-de howanyň üýtgemeginiň...

DOWAMY