TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI
2022-nji ýylyň 10-njy maýynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adam hukuklary we halkara ynsanperwerlik hukugy hem-de BMG-niň ýurt boýunça topary babatynda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça pudagara toparynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzda işleýän halkara düzümleriň wekilleri gatnaşdylar. Mejlis...
AŞGABATDA ÝEŇIŞ GÜNÜNIŇ 77 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP “HALK HAKYDASY” ÝADYGÄRLIKLER TOPLUMYNA GÜL GOÝMAK DABARASY GEÇIRILDI
Şu gün, 9-njy maýda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly senesiniň bellenilip geçilmegi mynasybetli “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy G.M.Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu çäreden öň ol Aşgabatda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝB-NIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hanym Teri Hakala bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar Aşgabat bilen Brýusseliň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyg...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 4-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakalany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen gutlady. Hormatly Prezidentimiz ÝB-niň Merkez...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 5-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Askar Tažibaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler we birek-biregi Oraza baýramy bilen gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, türkmen hem-de eýran halkyna parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler. Söh...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanlary mähirli salamlaşyp, mukaddes Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hoşniýetliligi, sahawatlylygy we belent ruhy-ahlak gymmatlyklary alamatlandyrýan bu nurana baýramyň iki ýurduň hem-de halklaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, külli musulman ymm...