RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Iýun

RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE DOSTLUK ORDENINI GOWŞURDY

Resmi saparyň dowamynda Uly Kreml köşgüniň «Malahit» zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagy — “Dostluk” ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Prezident Wladimir Putiniň Permanyna laýyklykda, bu ýokary sylaga döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandy üçin mynasyp boldy. Rus Lideri bu çözgüdi beýan etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dostlukly, hakykatdan-d...

DOWAMY
pic
10 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI WLADIMIR PUTINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER

Günüň birinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Uly Kreml köşgüne bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlary birek-birek bilen dostlukly salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Soňra ýokary derejede ikiçäk görnüşdäki türkmen-rus gepleşikleri geçirildi. Prezident Wladimir Putin belent mertebeli myhmany mübärekläp, Preziden...

DOWAMY
pic
10 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA RESMI SAPARY BAŞLADY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary başlady. Ýurdumyz döwlet Garaşsyzlygyny alan ilkinji günlerinden bäri Russiýa Federasiýasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyny daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda goýdy. Häzirki döwürde Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ygrarlydyklaryny görkezmek bilen, döwlet...

DOWAMY
pic
9 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY ABŞ-NYŇ OWGANYSTANYŇ MESLELERI BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞDY

2022-nji ýylyň 9-njy iýunynda wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Owganystanyň mesleleri boýunça ABŞ-nyň Ýörite wekili Tomas West bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda özara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurdaky işlere işjeň gatnaşýandygy hem-de netijeli teklipleri we başla...

DOWAMY
pic
9 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WE ÇEH RESPUBLIKASYNYŇ ULAG ULGAMYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDAKY DUŞUŞYK

2022-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň ulag ulgamynyň wekilleri bilen Çeh Respublikasynyň Ulag ministrliginiň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän giň ugry boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da howa we demir ýol ulaglary ýaly ugurdaş pudaklarda gatnaşyklary ýola goýmak we berkitmek boýunça meselelere üns berildi. Şeýle hem, raýat awiasiýasy babatyndaky hukuk binýadyň ösdürilmegi barada aýratyn bell...

DOWAMY
pic
8 Iýun

NUR-SULTANDA “MERKEZI AZIÝA-HYTAÝ” FORMATYNDA DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ÜÇÜNJI MASLAHATY TAMAMLANDY

2022-nji ýylyň 8-nji iýunynda Gazagystanyň Nur-Sultan şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynda Daşary işler ministrleriniň Üçünji maslahaty tamamlandy. Maslahatyň dowamynda bu formatdaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada netijeli we täsirli köptaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Ara alyp maslahatlaşylan temalaryň arasynda uzakmöhletli parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurlygyna, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny i...

DOWAMY
pic
8 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HALKARA ZÄHMET MASLAHATYNYŇ SESSIÝASYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Halkara zähmet maslahatynyň 110-njy sessiýasyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Öz çykyşynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy gatnaşyjylara ýurdumyzyň ilatynyň mynasyp iş orunlary bilen we durmuş-ykdysady ösüşiniň üpjün edilmegi boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bu ugurda Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň arasynda...

DOWAMY