RSS

SOŇKY HABARLAR

5 Iýul

KHBS ÜÇIN HABAR

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi soňky günlerde Özbegistan Respublikasynyň Garagalpagystan Respublikasynda bolup geçýän wakalara alada bilen seredýändigi barada habar berýär. Türkmen tarapy Özbegistan Respublikasynyň ýolbaşçylygynyň ýurtdaky konstitusion tertibiniň we kanunyň goralmagy, şeýle hem ýaşaýjylaryň howpsuzlygyny we asudalygyny goramak üçin öz wagtynda we aýgytly hereketlerini goldaýar. Halkyň köpasyrlyk paýhasy, tejribesi we öňdengörüjiligi ýaly  häsiýetleri ýüze çykýan ä...

DOWAMY
4 Iýul

DIM-DE BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNYŇ BAŞ DIREKTORYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktorynyň orunbasary Çjan Sýançen bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda Türkmenistanyň we BSG-niň arasynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň fewralynda BSG-niň Baş geňeşiniň dowamynda...

DOWAMY
2 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ WISE-PREZIDENTINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýy kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Myhman ikiçäk duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gutlag hatyny hem-de hormatly Prezidentimize özi...

DOWAMY
2 Iýul

TÜRKMENISTAN — TÜRKIÝE: ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda paýtagtymyzda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekilçilikli toparyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgam boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini we sazlaşykly ösdürilýändigini aýratyn nyg...

DOWAMY
29 Iýun

ВЛАДИМИР ПУТИН ПОЗДРАВИЛ ГУРБАНГУЛЫ БЕРДЫМУХАМЕДОВА С 65-ЛЕТИЕМ

На полях Каспийского саммита в Ашхабаде состоялась встреча председателя Халк Маслахаты Милли Генгеша Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедова с президентом Российской Федерации Владимиром Путиным. Владимир Путин сердечно поздравил экс-президента Туркменистана с 65-летием и пожелал крепкого здоровья, долголетия и дальнейших успехов во всех его благородных делах. Как подчеркивалось в ходе состоявшейся беседы, позитивный характер туркменско-российского диалога во многом обусловлен регулярными ко...

DOWAMY
29 Iýun

TÜRKMEN PAÝTAGTYNDA ALTYNJY HAZAR SAMMITI GEÇIRILDI

Türkmen paýtagtynda altynjy Hazar Sammiti geçirildi. Sammite Hazar «bäşliginiň» döwlet Baştutanlary ‒ Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin gatnaşdylar. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlary ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirdiler, şeýle-de wekiliýetleriň giňeldilen düzüminde Hazar...

DOWAMY
29 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ DUŞUŞYGY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilige kanagatlanma, şeýle hem netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine özar...

DOWAMY