TÜRKMENISTANYŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASY KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERINIŇ WEKILLERI ÜÇIN BRIFING GEÇIRDI

2018-nji ýylyň 8-nji ferwalynda Türkmenistanyň Hytaýdaky Ilçihanasynda bolýan ýurdunyň öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda brifing geçirildi, onuň barşynda gatnaşyjylar 2017-nji ýylyň esasy jemleri we 2018-nji ýylda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.

Brifingde Türkmenistanyň Hytaýdaky Ilçisi 2017-nji ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin netjeli boldy diýip belläp geçdi. Ýyl iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyny bellemegiň nyşany astynda geçdi.

2017-nji ýylyň iýun aýynda özüniň Gazagystana iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Astana şäherine iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy boldy. Iki döwletiň baştutanlary ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýyndygyny tassyklap, strategiki hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary barada pikir alyşdylar.

Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy söwda-ykdysady ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmegi dowam edýärler diýip bellenilip geçildi. Iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreleriň çäklerinde 2017-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda gurnalan Hytaý harytlarynyň köptaraplaýyn sergisi bu ugurda esasy orun eýeledi.

Barha giňelýän türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň çäklerinde 2017-nji ýyl köpsanly wakalar bilen bellenildi. Geçen ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçen türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy bu ugurda esasy ädimleriň biri boldy. Onuň işine HHR-nyň ylmy, akademiki institutlaryndan we uniwersitetlerinden 30-dan gowrak öňdebaryjy alymlar gatnaşdylar.

Brifingiň barşynda gatnaşyjylar şeýle hem ýurtda we onuň çäkleriniň daşynda 2018-nji ýylda “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň meýilnamasy bilen tanyşdylar. Brifinge gatnaşyjylara şu ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynyň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijileriniň düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Serhetabat-Turgundy täze demir ýolunyň açylmagy mynasybetli dabaralar barada habar berildi. Brifingiň barşynda Türkmenistanda geçiriljek parlament saýlawlary babatda hem pikir alşyldy.

Brifingiň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylar bu çäre geçirilen wajyp çäreler bilen we türkemen-hytaý strategiki hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň geljegi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi diýip belläp geçdiler.