BMG-NIŇ ILAT GAZNASYNYŇ ÝURT BOÝUNÇA EDARASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler Ministrliginde BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistan bilen 2018-2019-njy ýyllar üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen gelen BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistan boýunça edarasynyň direktory Juliýa Walezeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistan bilen BMG-niň Ilat Gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ähmiýetliligine laýyklykda dürli ugurlada hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan we BMG-niň Ilat Gaznasynyň özaragatnaşyklarynyň mümkinçiliklerine seretmek bilen, taraplar ösüş, gender deňligi, saglygy goraýyş, şeýle hem BMG-niň Ilat Gaznasynyň ýurdumyzyň dürli döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň ösüşi çygyrlarynda öňde goýulan maksatlaryň bilelikdäki  taslamalarynyň üstünliklerini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň, reproduktiw saglygyň we gender deňliginiň meselelerine garaldy. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň özara baglanyşygy barada aýdylanda, taraplar Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek babatda hyzmatdaşlyk meýillerini bildirdiler.