TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2022-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly döwletiň Hökümetiniň ýolbaşçysy türkmen Liderini Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk we aýanlyk, giň bäsdeşlik esasynda geçirildi hem-de türkmen jemgyýetiniň ýokary demokratik derejesini aýdyň görkezdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Nikol Paşinýana gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, merkezi saýlaw toparynyň saýlawlaryň jemleri boýunça Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti diýip yglan edendigini habar berdi we mundan beýläk özüniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işini dowam etdirjekdigini aýtdy.

Premýer-ministr Nikol Paşinýan milli Liderimiziň ermeni-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly goşandyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedowyň meşhur döwlet işgäri hökmünde jogapkärli wezipede köp ýyllaryň dowamynda toplan baý tejribesiniň, bilimleriniň, syýasy parasatlylygynyň hem-de öňdengörüjiliginiň geljekde hem ýurtda, şeýle-de halkara giňişlikde uly islege eýe boljakdygyny nygtady.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de bar bolan mümkinçilikleri dürli pudaklarda hyzmatdaşlygy geljekde hem ösdürmek üçin doly herekete getirmek bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra milli Liderimiz telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa geçirdi.

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Serdar Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk hem-de ýurduň we halkyň bähbidine alyp barjak asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýurdumyzyň täze saýlanan Prezidenti gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň başyny başlan syýasy ugruny dowam etdirmäge, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ulgamlarynda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi.

Ermenistanyň Premýer-ministri döwletara ermeni-türkmen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini hem-de oňyn häsiýetini belläp, häzirki döwürde dostlukly ýurtlaryň köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň özara bähbitlere laýyk gelýän täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny aýtdy.

Täze saýlanan Prezident Serdar Berdimuhamedow we Ermenistanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga geljekde hem ynanyşmak, açyklyk hem-de özara düşünişmek häsiýetiniň mahsus boljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk we üstünlikler, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.