DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ TARYHY ÇÖZGÜTLERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň çäklerinde gazanylan taryhy çözgütlere bagyşlanan brifing geçirildi.

Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik edaralaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Öz çykyşynyň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow golaýda ýurdumyzda geçirilen derwaýys syýasy wakalaryň döwletiň hem-de jemgyýetiň içerki ösüşi nukdaýnazaryndan, edil şonuň ýaly-da Türkmenistanyň halkara işleriniň ilerledilmeginde hem aýratyn ähmiýete eýedigini belläp geçdi. Şunlukda Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň biziň döwletimiziň hususan-da – bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýaly esas goýujy ýörelgelerine laýyklykda gyşarnyksyz durmuşa geçirilendigi nygtaldy.

Halkara ähmiýetli ençeme çäreleriň ýokary derejede geçirilendigi we olaryň arasyndan Halkara Ahalteke atçylyk Assosiasiýasynyň XI mejlisiniň, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji Sammitiniň aýratyn ähmiýete eýe bolandygy bellenilip geçildi.

11-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň barşynda taryhy ähmiýete eýe bolan çözgütler kabul edildi we olaryň kabul edilmegine Türkmenistanyň halky işjeň gatnaşdy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» tassyklanylmagy hakynda Karar» kabul edildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň belleýşi ýaly, Milli Liderimiz ykdysadyýetiň durnukly ösüşi üçin ähli serişdeleriň ulanylmagyny netijeli döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň derwaýys ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Döwlete dahylly bolmadyk pudagy ösdürmek hem-de ykdysadyýeti bazar gatnaşyklaryna geçirmek maksady bilen biz şeýle-de telekeçiligiň giňden goldanylmagy göz öňünde tutýarys, diýip Döwlet Baştutany nygtady. 

Şeýle hem R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň we Türkmenistanyň halkara giňişligindäki ýokary abraýyna aýratyn ähmiýet berendigini belläp geçdi. 

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Döwlet Baştutanymyzyň: «biziň daşary syýasatymyz, Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Konstitusion Kanuna we Türkmenistanyň daşary syýasatynyň Konsepsiýasyna, şeýle hem beýleki kanunçylyk namalaryna esaslanýar. Bu syýasat bolsa bütin adamzat dünýäsini gatnaşyklary kämilleşdirmäge çagyrýan nusgalyk syýasatdyr. Bitaraplyk biziň syýasy doktrinamyzdyr. Biz deňhukuklylyk we özara hormatlamak esasynda ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen oňyn halkara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdüreris» diýip belläp geçendigini beýan etdi.

R.Meredow Prezidentiň çykyşynyň aýratyn wajyp bölegini belläp geçdi. Döwlet baştutanymyz öz çykyşynda kesgitlenilen meýilnamalaryň we kabul edilýän maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde biziň ýaşlarymyza uly umyt bildirýändigini belläp geçdi.

Milli Liderimiz Halk maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Siziň bilşiňiz ýaly, 15 ýyl mundan ozal, 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirilipdi. Şol saýlawlarda mähriban halkymyz örän uly ynam bildirip, meni döwletimiziň iň ýokary wezipesine saýlady.

Şeýlelikde, men Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary we örän jogapkärli wezipesinde indi 15 ýyl bäri işläp gelýärin. Şol bir wagtda hem men Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipelerini ýerine ýetirýärin.

Bilşiňiz ýaly, men iki ýyl mundan ozal pygamber ýaşyny arka atdym. Bu gün bolsa özüm babatda ýönekeý bolmadyk netijä gelendigimi beýan edip, ony siziň bilen maslahatlaşmak isleýärin. Men ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýärin.

Özümiň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribämi bolsa mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýärin» diýip, nygtady.

Ministr şonuň ýaly-da, Döwlet Baştutanymyzyň öz jemleýji çykyşynda «şu gün, gadymy dessurlarymyza we adatlarymyza laýyklykda ýene-de bir gezek halk bilen bir jan, bir ten bolup jebislikde döwlet ähmiýetli maslahat geçirildi, onuň barşynda ýurdumyzyň geljegi bilen bagly bolan derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy» diýip, belländigini beýan etdi. 

Brifingiň ahyrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň konstitusion kadalaryndan we daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasyndan gelip çykýan esasy wezipelerine eýermek arkaly, garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň halkara hukugynyň ýörelgelerine esaslanýan durnukly, adalatly, demokratiki dünýä düzgüniniň gurulmagyna işjeň ýardam etmegini dowam etjekdigini, Ýer ýüzünde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy üçin zerur bolan ähli çäreleri durmuşa geçirjekdigini belledi.