TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ IKITARAPLAÝYN DÖWLETARA GATNAŞYKLARYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 16-njy iýulda «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanşygy. Şertler we mümkinçilikler» atly halkara maslahatynyň meýdançasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi.

Duşuşygyň barşynda R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistanyň Prezidentine ýollan salamyny we çuňňur hormatyny beýan etdi.

Häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de olar boýunça çözgütleriň kabul edilmegi üçin özboluşly meýdança bolup çykyş edýän bu forumyň geçirilmeginiň öz wagtyndalygy nygtaldy.

Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak bilen, sebitleýin we sebitara hyzmatdaşlygynyň işjeň gatnaşyjysy bolup çykyş edýändigi aýratyn bellenildi.

Sebit hem-de dünýä derejelerinde häzirki bar bolan ýagdaýlaryň nazarda tutulmagynda iki ýurduň syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ulgamlardaky meseleleriň giň toplumy babatyndaky özara hereketlerine hem seredilip geçildi. Bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegiň derwaýyslygy nygtaldy.

Şu ýylyň 6-njy awgustynda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna görülýän taýýarlygyň depgini hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýete eýe bolup durýandygyny nygtadylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn depgininiň saklanylmagynda ýokary derejedäki yzygiderli hereketleriň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygy hem bellenilip geçildi.