img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNA GELEN GUTLAG HATLARY

photo

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegini dowam edip, dünýä giňişligindäki abraýyny barha pugtalandyrýar. Biz Siziň ýurtlarymyzyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen tagallalaryňyza ýokary baha berýäris. Biz Russiýanyň we Türkmenistanyň dostlukly halklarynyň, Merkezi Aziýada, Hazar sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ikitaraplaýyn hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki işlerimizi dowam etdireris.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir Putin,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, strategik hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Ýokary derejede kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilmegi netijesinde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehnologiýa, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar, dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilelikdäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň we özara bähbitli täze başlangyçlar bilen çykyş etmegiň Russiýa Federasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Mihail Mişustin,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Siz ýurduňyzyň raýatlarynyň arasynda ýokary abraýa mynasyp bolup, Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin yzygiderli tagalla edýärsiňiz. Size giň möçberli we köpugurly döwlet işiňizde üstünlikleriň hemişe ýaran bolmagyny, egsilmez güýç-kuwwat, maksatlaryňyza ýetmek üçin ruhubelentlik arzuw edýärin. Goý, ýurduňyzyň bähbidine alyp barýan netijeli işleriňiz Size şatlyk getirsin, Türkmenistanyň halkynyň ynamy we goldawy bolsa strategik ähmiýetli taslamalardyr maksatnamalary durmuşa geçirmekde Size ygtybarly daýanç bolsun!

Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk baradaky arzuwlar bilen,

Rustam Minnihanow,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýurduňyzda parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli tagalla edýärsiňiz. Geçen ýyllaryň dowamynda Siz watandaşlaryňyzyň belent ynamyna, hormatyna mynasyp bolduňyz. Olar geljekki has-da abadan durmuşy Siziň adyňyz bilen baglanyşdyrýarlar.

Türkmenistandaky Rus Prawoslaw ybadathanasynyň işine üns we goldaw berýändigiňiz üçin Size hoşallyk bildirýärin. Bu işler hemişe jemgyýetçilik aňynda üýtgewsiz ahlak gymmatlyklarynyň kemala gelmegine gönükdirilendir.

Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň halkynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işleriňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Kirill,
Moskwanyň we Bütin Rusuň Patriarhy.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siz döwleti we jemgyýeti ösdürmäge, türkmen halkynyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmäge, abadançylygyny hem-de ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, giň gerimli ykdysady-durmuş wezipeleriniň ýerine ýetirilmegine, Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyna uly goşant goşduňyz we goşýarsyňyz. Siziň halkara başlangyçlaryňyz, yzygiderli durmuşa geçirýän bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilikli syýasatyňyz sebit hem-de ählumumy derejede durnuklylygy, howpsuzlygy, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.

Meniň işime uly üns berýändigiňiz üçin Size aýratyn hoşallyk bildirmek isleýärin. Munuň özi meni has-da tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, syýasy we döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Oleg Kononenko,
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, “Ý.A.Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş ylmy-barlag synag merkezi” federal döwlet býujet edarasynyň başlygy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi.