ÝHHG-NIŇ MILLI AZLYKLARYŇ IŞLERI BOYUNCA ÝOKARY KOMISSARY BILEN DUŞUŞYK

Şu gün, 21-nji iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow wideoaragatnaşyk arkaly ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanow bilen duşuşdy.

Taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň barşynda ÝHHG-niň adam ölçegleri boýunça meseleleriniň çäklerindäki taslamalaryň häzirki we geljekki ýagdaýyna syn berildi. Türkmenistanda milletara gatnaşyklar babatda alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bilim babatdaky özara hereketleriň bilelikdäki işleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Taraplar Ýokary Komissaryň edarasy tarapyndan başlanan we bilim derejesini ýokarlandyrmak arkaly Merkezi Aziýada dürli etnik jemgyýetleriň birleşdirilmegi ugrunda ösüşleri gazanmaga gönükdirilen “Merkezi Aziýada bilim maksatnamasy” atly taslamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seretdiler.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylda gol çekilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň edarasynyň arasynda dil we medeniýet köpdürlüligi boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnamanyň ähmiýeti nygtaldy.

Mundan başga-da taraplar şu ýylyň 16-njy aprelinde kabul edilen Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň çäklerinde türkmen tarapynyň Ýokary komissaryň edarasy bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna seretdiler. Etniki, medeni we dinara bilimi saklamaga hem-de medeniýetara dialogy berkitmäge gönükdirilen sebit we milli derejelerdäki çäreleri geçirmek bilen bir hatarda, hünärmenler derejesindäki duşuşyklary guramak bilen bagly pikir alşyldy.

Bilelikdäki başlangyçlary ilerletmekde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň işiniň ähmiýeti bellenildi.